Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli ahal-teke aty artky iki aýagynda 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Bu onuň Ginnesiň rekordalar kitabyna girmegine alyp geldi.
TDH-nyň tassyklamgyna görä, şunuň bilen bu at 2016-njy ýylda görkezen öňki netijesini iki esse gowulandyrdy.
Neşir bu dünýä rekordyna başga synanyşyk edenleriň bolup-bolmandygyny anyklaşdyrmýar.
Gazanylan netije Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekili Şeýda Subaşi-Gemiji tarapyndan bellige alyndy. Ol bir aý ozal 1-nji iýunda “Aşgabat” stadionynda dünýäde iň köpçülikleýin welosiped sapagynyň berilmegini bellige alypdy. Şonda bu welosiped sapagyna 3246 adam gatnaşdy.
Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri mundan öň hem Ginnesiň rekodrdlar kitabyna girizildi. Olardan Olimpiýa stadionyň ýokarsynda gurlan iň uly at heýkelini, olimpiýa şäherçesinde gurlan suw sportlary merkezini, iň uly Ak öýi, dünýäde iň uly ýyldyzly telemerkezi, dünýäde iň uly türkmen gölli täze aeroporty, dünýäde iň uly çarhy we beýlekileri agzamak bolar.