Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Täze, 2019-njy ýylyň başlanmagy mynasybetli dünýäniň ähli halklaryna we tutuş adamzada parahatçylyk, howpsuzlyk, ösüş hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy Siziň Alyhezretiňize ýollamak meniň üçin uly şatlykdyr.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk arzuw etmek bilen, ýurtlarymyzyň hem-de dostlukly halklarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!
Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,
Kuweýt Döwletiniň Emiri.