Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Milletimiň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Bu mukaddes baýram biziň üçin tutuş dünýädäki häzirki çylşyrymly döwürde birleşdiriji güýç bolup durýar diýip hasaplaýaryn hem-de Gudraty güýçli Allatagaladan Size, gadyrly doganyma berk jan saglyk we bagt, dostlukly we doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk we parahat durmuş dileg edýärin.
Rejep Taýyp ÄRDOGAN,Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.
Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de dostluk we hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul ediň!
Halifa bin Zaýed Al NAHAÝAN,Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Sizi mukaddes Gurban baýramynyň — Beýik Biribara tagzym etmegiň hem-de onuň ägirt uly rehim-şepagatyny eçilmeginiň baýramynyň ýetip gelmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Şu baýramçylyk arkaly musulman ymmatynyň Beýik Biribara ýakynlaşmaga ýene-de bir ädim ätmegine, jebislik we agzybirlik gazanmagyna umyt edýärin.
Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk dileg edýärin.
Hasan RUHANI,Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Owganystan Yslam Respublikasynyň halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi, şeýle hem Türkmenistanyň doganlyk halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Beýik Biribardan parahatçylyk, tutuş musulman ymmatyna agzybirlik we ösüş baradaky doga-dileglerimizi kabul etmegini dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, türkmen halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Mohammad Aşraf GANI,Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Azerbaýjanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryny hem-de rehim-şepagatlylygy alamatlandyrýan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Ilham ALIÝEW,Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!
Siziň Alyhezretiňizi we Türkmenistanyň doganlyk halkyny sahawatlylygyň, özara kömegiň hem-de rehim-şepagatlylygyň baýramy bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bu baýramy tutuş dünýäniň musulmanlary aýratyn şatlyk we hoşniýetlilik duýgusy bilen garşylaýarlar.
Umumy maksatlar we aýgytly tagallalar netijesinde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, ysnyşykly dostluk we uzak möhletli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli we netijeli ösdüriljekdigine ynanýaryn.
Dünýäniň ähli musulmanlarynyň Beýik Biribaryň çäksiz rehim-şepagatyndan ruhlanýan şu sahawatly günlerinde Size we Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny, jogapkärli döwlet işiňizde ägirt uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Size tüýs ýürekden arzuwlarymy ýollaýaryn.
Tutuş musulman ymmaty üçin bu beýik baýram özünde hoşniýetlilik, sahawatlylyk we ynsanperwerlik ýaly belent ruhy gymmatlyklary jemleýär. Sahawatlylygyň hem-de rehim-şepagatlylygyň baýramy bolan Gurban baýramy dünýä nuranalyk ýetirsin we biziň halklarymyzyň agzybirligini berkitsin!
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size bagt we asylly işleriňizde uly üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen,
Kasym-Žomart TOKAÝEW,Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt we täze üstünlikler, ýurduňyzyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Nurana Gurban baýramynyň belent umumadamzat ahlak gymmatlyklaryna esaslanýan, gadymdan gelýän däpleriniň mundan beýläk-de halklarymyzyň arasyndaky doganlyk-dostlugyň ruhunda özara düşünişmegiň we birek-birege goldawyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Ýakymly pursatdan peýdalanyp, Siziň bilen bilelikde Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen özara gatnaşyklary ilerletmek baradaky berk meýlimi beýan edýärin.
Çuňňur hormatlamak bilen,
Emomali RAHMON,Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gyrgyz Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi we türkmen halkyny ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, bu gün ähli hoşniýetli arzuwlar hasyl bolsun!
Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dostluk we ynanyşmak ruhunda işjeň ösdüriljekdigine ynanýaryn. Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we üstünlikler, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Sooronbaý ŽEENBEKOW,Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ýollamagy hormat-sarpa hasaplaýaryn.
Siziň Alyhezretiňize abadançylyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk we ösüş arzuw edýärin.
Gudraty Güýçli Allatagaladan tutuş musulman ymmatyna haýyr-sahawat we abadançylyk dileg edýärin.
Heýsam ben TARIK,Omanyň Soltany.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt barada tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy ýollaýaryn.
MOHAMMED VI,Marokkonyň Patyşasy.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly hormatdyr.
Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň halkyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk dileg edýärin.
Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber AL-SABAH,Kuweýt Döwletiniň Emiri.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap GurbangulyBERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de ýürekdeş dostluk we hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Mohammed bin Zaýed Al NAHAÝÝAN,Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy,Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly GüýçleriniňBelent Serkerdebaşysynyň orunbasary.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap GurbangulyBERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Gudraty güýçli Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!
Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de ýürekdeş dostluk we hormat-sarpa baradaky sözlerimi kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Mohammed bin Raşid Al MAKTUM,Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti,Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap GurbangulyBERDIMUHAMEDOWA
Jenap Prezident!
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi mukaddes Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Beýik Allatagaladan Türkmenistana abadançylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk, tutuş musulman ymmatyna parahatçylyk we durnuklylyk dileg edýärin.
Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Ýusef bin Ahmad Al OSAÝMIN,Yslam Hyzmatdaşlyk GuramasynyňBaş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi gadymdan bäri milli we ruhy gymmatlyklarymyzy birleşdirýän nurana baýram bolan Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Beýik Biribardan biziň halklarymyzyň arasyndaky raýdaşlygy, agzybirligi hem-de doganlygy pugtalandyrmaga ýardam edýän bu baýramyň tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk we parahatçylyk getirmegini dileg edýärin.
Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygymy bellemek isleýärin. Türkmenistan özüniň gadymy taryhy, sungaty, dili we medeniýeti bilen türki dünýäsiniň möhüm merkezleriniň biri bolup durýar.
Size tüýs ýürekden hormat goýmak bilen,
Bagdad AMREÝEW,Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Tatarystanlylaryň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Haýyr-sahawatlylyk hem-de rehim-şepagatlylyk, ýakynlaryň barada alada etmek, jemgyýete peýda getirmäge çalyşmak — bularyň ählisi Gurban baýramynyň asylly we belent ruhunyň ýüze çykmasydyr. Goý, şu baýramçylyk günleriniň ähli asylly işleri we başlangyçlary üstünlikli amala aşyrylsyn hem-de dünýämize köp şatlyk, sazlaşyk we bagt getirsin!
Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden berk jan saglyk, baýramçylyk ruhubelentligini hem-de şu mukaddes günlerde aýratyn ruhy bitewiligi arzuw edýärin.
Rustam MINNIHANOW,Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Siziň Alyhezretiňiz!
Yslam ösüş bankynyň toparynyň adyndan Gurban baýramy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary beýan edýärin.
Gudraty güýçli Allatagaladan Size, Siziň maşgalaňyza abadançylyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin!
Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!
M.HAJAR,Yslam ösüş bankynyň toparynyň prezidenti.
***
Onuň Alyhezreti,Türkmenistanyň Prezidentijenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Sizi we Türkmenistanyň halkyny musulman ymmatynyň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, rehim-şepagatdan we hormat-sarpadan, hoşniýetlilikden hem-de asylly işlerden doly bolan bu baýram biziň agzybirligimizi berkitsin hem-de biziň halklarymyza rowaçlyk eçilsin!
Goý, mukaddes Gurban baýramy günlerinde dünýäde parahatçylygyň we asudalygyň berkarar bolmagynyň hatyrasyna doga-dilegler kabul bolsun!
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk we uly üstünlikler, maşgala abadançylygyny, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa agzybirlik hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden çykýan arzuwlar bilen,
Nursultan NAZARBAÝEW,Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti.