Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Prezident, gadyrly doganym!
Türk halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Gadymy medeniýetimiziň umumy gymmatlyklary esasynda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüş depgini ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryň aýdyň beýany bolup durýar.
Türkmenistana boljak saparyň dowamynda Siziň bilen geçiriljek duşuşyga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Häzir sapara taýýarlygyň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Saparyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň gün tertibini emele getirýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň bilelikde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ynam bildirýärin.
Hormatly doganym, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!
Rejep Taýyp Ärdogan,Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň sebit möçberinde öňdäki orny eýeläp, mundan beýläk-de oňyn ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urjakdygyna we halkara giňişlikdäki abraýyny berkitjekdigine ynanýaryn.
Ukraina Türkmenistany Merkezi Aziýa sebitinde daşary syýasy we daşary ykdysady işi boýunça möhüm ugurlarda ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, döwletlerimiziň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigine we iki dostlukly halklaryň bähbidine özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmagyň kepiline öwrüljekdigine ynam bildirýärin.
Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we alyp barýan köptaraply işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw edýärin!
Hormatlamak bilen,
Wladimir Zelenskiý,Ukrainanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi doglan günüňiz bilen mähirli gutlaýaryn.
Biziň halklarymyzyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ýokary baha berýärin.
Bilelikdäki tagallalaryň Ermenistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Armen Sarkisýan,Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Şanly waka — doglan günüňiz mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy ýollamak meniň üçin uly mertebedir. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we Hökümetine bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.
Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammed bin Raşid Al-Maktum,Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Siziň doglan günüňiz mynasybetli, meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!
Uly abraýa eýe bolan milli Lider, Türkmenistanyň meşhur döwlet işgäri hökmünde Siz öz ýurduňyzyň ykdysady hem-de jemgyýetçilik-syýasy taýdan ösüşini hemişe üns merkezinde saklap, döwletiňizi ähli synaglardan we häzirki döwrüň ählumumy wehimlerinden ynamly alyp çykýarsyňyz. Ýurduňyzyň hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ynamly hem-de durnukly öňe gitmegi, Türkmenistanyň halkynyň abadançylygy Siziň parasatly baştutan hökmündäki zehiniňiz, durmuşa geçirýän oýlanyşykly içeri döwlet we halkara syýasatyňyz netijesinde ygtybarly üpjün edilýär.
Size belent döwlet wezipäňizde mundan beýläk-de netijeli işlemek, Türkmenistanyň okgunly, sazlaşykly ösüşine gönükdirilen ähli taslamalaryňyzyň we batyrgaý başlangyçlaryňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin tüýs ýürekden egsilmez güýç-gaýrat, ruhubelentlik, Size hem-de ýakynlaryňyza berk jan saglyk, parahatçylyk, bagt arzuw edýärin.
Biziň aramyzdaky şahsy hoşniýetli gatnaşyklara uly sarpa goýýaryn, şeýle gatnaşyklar Tatarystan bilen Türkmenistanyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge mümkinçilik berýär hem-de Size biziň Respublikamyz üçin uly ähmiýetli bu meselede üýtgewsiz goldawyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Geljekde hem biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine, rus-türkmen oňyn hyzmatdaşlygy hem-de ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna netijeli, many-mazmunly gatnaşyklarymyzyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine umyt baglaýaryn.
Çuňňur hormat goýmak, ähli babatda rowaçlyk we üstünlikler baradaky arzuwlar bilen,
Rustam Minnihanow,Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Doglan günüňiz mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna we Hökümetine bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Mansur bin Zaýed Al Nahaýan,Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-premýeri,Prezidentiň işleri boýunça ministr.
* * *
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň PrezidentijenapGurbanguly Berdimuhamedowa
Şanly waka — doglan günüňiz mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.
Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan,Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy,Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly GüýçleriniňBelent Serkerdebaşysynyň orunbasary.