Türkmenistanyň Prezidentine TOGG türk elektrik awtoulaglary gowşuryldy

Türkmenistanyň Prezidentine TOGG türk elektrik awtoulaglary gowşuryldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat hökmünde iki sany TOGG türk elektrik awtoulagyny ugratdy. Bu barada “Anadolu” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu we TOGG kompaniýasynyň wekilleri Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidentine iki sany TOGG türk elektrik awtoulagyny gowşurdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow awtoulagy synagdan geçirdi we minnetdarlygyny bildirdi.

TOGG türk awtoulagynyň önümçilik zawody geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkiýäniň Bursa welaýatynda açyldy. Awtoulag iki görnüşde bolup, olar 200 we 400 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendirijilidir. Bu awtoulagyň iň güýçli görnüşi 100 km/sag tizlige 4,8 sekuntda ýetmäge ukyplydyr. TOGG kompaniýasy bu awtoulagyň 4 modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa “C” kysymly sedany 2024-nji ýylda öndürip başlar.

Suratlar: Türkiýäniň senagat we tehnologiýalar ministrligi

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi