15-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi.
Hanym Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň Türkmen keşdeçilik sungaty, Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa degişli güwänamalary gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow degişli güwänamalary gowşurandygy üçin ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, munuň baý medeni mirasyny aýawly saklap, ony nesilden-nesle geçirip gelýän türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşýan ägirt uly goşandynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak, şeýle hem geljekde halkymyzyň sungatynyň beýleki görnüşlerini we özboluşly däp-dessurlaryny ÝUNESKO-nyň mirasynyň sanawyna girizmek boýunça häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy.