Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çarşenbe güni ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kaumany kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Pia Kauma duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen tanalýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçiriljek maslahatyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigini belledi.
Taraplar ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylygy, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Duşuşgyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Pia Kauma berk jan saglyk we jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
X: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан