Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly atly maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki wagtda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy hem-de düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup çykyş edýändigini bellediler. Şunda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi bellenildi. Şeýle-de ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologiýa abadançylygy hem-de daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça hem tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň häzirki döwrüň ösüşiniň anyk wezipelerini çözmek üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde netijeli dialogyň işjeň alnyp barylmagyna ýardam bermäge taýýardygyny tassyklap, hanym Pia Kauma berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.