Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Daşkent şäherine iş sapary bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Özbek paýtagtynyň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Özbegistanyň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Iş saparynyň dowamynda Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşar, şeýle hem Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisinde çykyş edip, Aşgabadyň guramanyň çäklerinde ykdysady täsirini ösdürmek baradaky garaýşyny beýan eder.
Häzirki wagtda Türkmenistan YHG-da başlyklyk edýär.Bu guramanyň geçen, 15-nji sammiti 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirildi.Türkmenistanyň gurama başlyklyk eden döwründe söwda, ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, energiýa pudaklarynda, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurda YHG-niň çäklerinde özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen degişli konsepsiýa işlenip düzüldi.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň netijesinde jemleýji resminama Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.