Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş gününiň hormatyna Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

9-njy maýda irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga iberen çakylygy boýunça iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

...Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň Wnukowo-2 howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi adamlar garşyladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Kremliň ýanyna geldi. Kremliň Tugraly zalynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Moskwa gelen wekiliýetleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine tarap ugrady. Belent mertebeli myhmanlar bu ýerden dabaraly harby ýörişi synladylar.

Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.

Gussaly saz astynda dostlukly ýurtlaryň Liderleri 2009-njy ýylyň noýabr aýynda Söweşjeň şöhratyň umumymilli toplumy derejesi berlen kaşaň binagärlik toplumyna gül goýdular.

Tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna giden hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz Baky oda gül goýdy.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Pitiniň Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmandygyny aýtdy
Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet Ýolbaşçysy Russiýada Saparda Bolýar
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
Modi Moskwa bardy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny