Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy.

Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilýän harby ýörişe Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kuba Respublikasynyň Prezidenti Migel Mario Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisau Respublikasynyň Prezidenti Umaru Sissoku Embalo gatnaşardylar.

Russiýanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Moskwada geçirilýän harby ýörişde 70-den gowrak tehnika geçdi we oňa dokuz müňden gowrak adam gatnaşdy.

Harby ýörişden soň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen bilelikde döwlet Baştutanlary Näbelli esgeriň guburyna gül desselerini goýdular.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli harby ýöriş her ýyl 9-njy maýda Moskwada ýerleşýän Gyzyl meýdanda geçirilýär.

Suratlar: Russiýanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
Migel Dias-Kanel Kubanyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Kubanyň Prezidentine gutlag iberdi
Kubanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolar