Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyn wagtda Türkiýä sapar bilen barar, Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty Änew şäherine berildi, Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakyn wagtda Türkiýe Respublikasyna resmi sapary amala aşyrar. Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen bolan duşuşygynda ýakyn wagtda Türkiýe Respublikasyna amala aşyrjak resmi saparynyň türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

2. Gorkut Ata kinofestiwalyny geçirmek nobaty resmi taýdan Türkmenistanyň Änew şäherine berildi. Munuň nyşany hökmünde Baku şäherinde geçirilen Gorkut Ata türki dünýäsiniň kinofestiwalynyň ýapylyş dabarsynyň çäklerinde Türkmenfilm birleşiginiň wekiline Durna heýkeljigi gowşuryldy.

3. Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Elina Gurbanowa Bişkekde geçirilen GDA agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky Delfiýa oýunlarynda Skripka ugry boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Bäsleşige 10 25 ýaş aralygyndaky 600-e golaý adam gatnaşdy.

4. 11-nji oktýabrda Türkmenistan Owganystanda bolup geçen ýertitremeden ejir çekenlere derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ýük 7-nji oktýabrda Hyrat welaýatynda bolup geçen tebigy betbagtçylykdan ejir çekenler üçin niýetlenendir.

Ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermegine iberildi.

5.Türkmenistanyň täze Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi.Aýdym-saz agşamy meşhur türkmen aýdymçylarynyň, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde Arkadag şäheri — bagtyň şäheri atly aýdym bilen açyldy.

Soňra Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestribiň ýerine ýetirmeginde awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň “Polonez” sazy ýaňlandy.Berk berjaý edilýän düzgüne laýyklykda, Wena balynyň resmi taýdan açylyş dabarasy 25 sany tansçy jübütiň sahna çykmagyn bilen başlandy.

Dünýäde

6. Ýewrostat statistika agentligi adaty ýewropaly ýaşaýjynyň her ýylda zibil gutusyna ortaça näçe iýmit zyňýandygy baradaky maglumatlary çap etdi.Umuman alanyňda, adaty ýewropaly ýylda, ortaça, 131 kilogram ulanylmadyk azyk önümini zyňýar.

Onuň, takmynan, 70 kilogramy gönüden-göni öýlerden, galanlary restoranlar we kafeler, supermarketler hem-de azyk harytlaryny öndürijiler tarapyndan zyňylýar.Iň köp iýmit Belgiýada zyňylýar adam başyna 262 kg, iň azy bolsa Sloweniýada 68 kg .

7.NASA-nyň alymlary Bennu asteroidinden Ýere getirilen toprak nusgalaryny seljerip, olarda suwuň yzlarynyň bardygyny anykladylar.Deslapky derňew toprakda suwuň we uglerodyň bardygyny görkezdi.Alymlaryň tapmagy umyt eden zatlary hem şoldy.

Suw we uglerod molekulalary biziň tapmak isleýän materiallarymyzdy.Bular planetamyzyň emele gelmeginde örän möhüm elementlerdir.Bu nusgalar ýaşaýşyň döremegine sebäp bolup biljek elementleriň gelip çykyşyny kesgitlemäge kömek eder diýip, NASA-nyň başlygy Bill Nelson belledi.

8. Aprel aýynda Abu-Dabide sürüjisiz awtoulaglaryň dünýäde ilkinji ýaryşy geçiriler. Bäsleşige on topar gatnaşar, sürüjiler hökmünde bolsa berlen aýratynlyklara laýyklykda kod ýazmakda ýöriteleşen programmistler çykyş eder. Bäsleşik Formula-1-iň ýolunda geçiriler.

Sport habarlary

9.Türkmen futbolynyň uçurymy, Kamerunyň milli ýygyndysy we Russiýanyň köp sanly kluby bilen alyp barýan işleri bilen tanalýan tälimçi Waleriý Nepomnýaşiý Russiýanyň we Kamerunyň milli ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygy başlamazdan ozal topa simwoliki urgyny amala aşyrar.

Nepomnýaşiý 80 ýaşynda, ol 1988 1990-njy ýyllar aralygynda Kamerunyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi.Onuň ýolbaşçylygynda Kamerunyň topary Dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykmagy başaran ilkinji afrikaly milli ýygyndy boldy. Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň milli ýygyndysy şu gün Kamerunyň topary bilen Moskwadaky Dinamo stadionynda duşuşar.

Oýun Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.Türkmenistanyň çäginde duşuşyk Matç TW teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkeziler.

10. 12 14-nji oktýabrda 2024-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropanyň çempionatyna saýlama ýaryşyň 7-nji tapgyry geçiriler. 2024-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropanyň çempionaty indiki ýyl 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçiriler.

Oňa 24 topar gatnaşar.Germaniýa ýer eýesi ýurt hökmünde ýaryşa gönüden-göni gatnaşmak üçin hukuk alýar.Galan 23 topar saýlama ýaryşyň netijelerine görä kesgitlener.

Ýene degişli makalalar

NASA awgust aýynda UNO barada hasabatyny çap eder
Paýhaslar
Ronaldo 5-nji gezek Ýewropa çempionatynda, Portugaliýanyň ýygyndysy mälim edildi
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary