Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Nguýen Fu Çonguň aradan çykmagy zerarly Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti To Lama we ýurduň ähli halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi.

“Nguýen Fu Çong görnükli partiýa ýolbaşçysy we döwlet işgäri bolmak bilen, Wýetnamyň abadançylygy, gülläp ösmegi ugrunda uly işleri bitirdi” diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Baş sekretarynyň aradan çykmagyna gynanç bildirdi
Wýetnam täze baş sekretaryny saýlady
Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň öňbaşçysy we iň täsirli syýasatçysy Çong aradan çykdy
Wýetnamyň Prezidenti ýurduň dolandyryjy partiýasynyň baş sekretarlygyna saýlandy
Baýden: "Hytaý bilen sowuk söweş başlatmaga synanyşamzok" diýdi
AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY