Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň saýlawçylary bilen duşuşyk geçirdi

23-nji fewralda Lebap welaýat häkimliginiň maslahatlar zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy boldy. Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär bilen duşuşyga kärhanalaryň, zähmetkeşler toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ekerançylar, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habarda beýan edilişi ýaly, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy M.Dosmedow duşuşygy açyp, dalaşgäriň ynanylan wekiline — Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy O.Çopanowa söz berdi. Ol ýygnananlary Serdar Berdimuhamedowyň zähmet ýoly bilen tanyşdyryp, dalaşgäriň dürli ulgamlardaky baý iş tejribesini, ýokary hünär derejesini we guramaçylyk ukybyny, Türkmenistanyň häzirki ösüşiniň möhüm meselelerini çözmekde jogapkärçilikli çemeleşýändigini, ata Watanyň bähbitlerine wepalylygyny belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär çykyş edip, bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýere ýygnananlary iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgäriň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasy bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda başy başlanan we ata Watanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri dowam etdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär ykdysadyýetiň gazhimiýa böleginiň pudagyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerini rejeli peýdalanmagyň hasabyna toplumlaýyn ösdürilmegini, welaýatda täze ugurdaş senagat kärhanalarynyň gurulmagyny geljegi nazarlaýan özgertmeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen sebitiň döwrebap ulag ulgamyny we gurluşyk pudagyny kemala getirmäge uly üns berler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär sebitiň zähmetkeşleriniň gowaçanyň, bugdaýyň we gök ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýändiklerini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, obasenagat syýasatynyň azyk bolçulygyny döretmäge, daýhan birleşiklerini giňeltmegiň we goldamagyň, toplumyň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriň biridir.

Geljekde welaýatda gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalar gurlar, ekerançylaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin ähli zerur çäreler görler.

Syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Bu ulgamy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Lebap welaýatynyň taryhy-medeni ýadygärliklere we sebit hem-de dünýä ähmiýetli tebigy goraghanalara baýdygy, olaryň syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýändigi bellenildi.

Welaýatyň ulag ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş toplumlaryny, täze obalary, döwrebap bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, dürli düzümleýin desgalary gurmak möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär bu sebitiň türgenleriniň milli we halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýandyklaryny belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljekde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, gündogar sebitde-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi üçin zerur şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Netijeli geçen duşuşygyň dowamynda dalaşgär oňa gatnaşyjylaryň sowallaryna jogap berdi hem-de maksatnamasynyň oba hojalygyny, kiçi we orta telekeçilige hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň hasabyna işewürligi ösdürmegiň, gurluşyk toplumyny kämilleşdirmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň geljekki ugurlaryna degişli bölümlerini beýan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara hoşallyk bildirip, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Iňňe HJ mebel dünýäsinde hiliň we gözelligiň kepilligi
Stella Türkmenistanda otaglaryň görnüşine täze öwüşgin çaýmak üçin bezeg tagtalaryny hödürleýär
Lebap gazturbinaly elektrik stansiýasy aýda 104 million kWt/sagat elektrik energiýasyny öndürýär
Döwlet gümrük gullugynda halkara e-TIR ulgamyna goşulyşmagy barada mesele ara alnyp maslahatlaşyldy
Klassiki saz konsertleri arakesmeden soň Aşgabadyň medeni durmuşyny janlandyrýar
Lebap welaýatynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy açyldy