Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Oraza baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlaryny mukaddes Oraza baýramy bilen gutlady. Milletiň Lideriniň Gutlagynda şeýle sözler bar:

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ynsanperwerligiň belent nusgasyna öwrülen Oraza baýramynyň çuň mazmunly, baý öwüşginli dabaralary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrsyn!

Oraza baýramy adamzadyň ruhy tämizlik, ahlak arassalygy, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dostluk we doganlyk, şükranalyk hem-de agzybirlik ýaly gymmatlyklaryny dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, müňýyllyklaryň dowamynda örän baý medeni we ruhy gymmatlyklary döreden halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň, haýyr-sahawatyň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine aýratyn sarpa goýýar.

Oraza baýramyny many-mazmun, milli öwüşginler bilen has-da döwrebaplaşdyryp, giňden garşy alýar.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda halkymyzyň ruhy güýjüni galkyndyrmakda, ýaş nesilleri ruhy tämizligiň, ahlak arassalygynyň esasynda terbiýelemekde aýratyn orny eýeleýän bu gadymy baýramyň şanyna ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döredijilige, rowaçlyga, beýik üstünliklere ruhlandyrýan milli öwüşgindäki dabaralar geçirilýär.

Bereketli toý saçaklary giňden ýazylyp, nazy-nygmatlar taýýarlanylýar, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin alkyş-dilegler edilýär.Munuň özi beýik geçmişimize hormat goýmak, belent ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza yzygiderli eýermek bilen, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolup galýandygymyzy hem-de milli jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýandygymyzy alamatlandyrýar.

Eziz watandaşlar!

Halkymyzyň akyl-paýhasyndan, zehin-başarnygyndan, tälim-terbiýesinden kemala gelen medeniýetimiz, zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, sahylyk, myhmansöýerlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk we päk wyždanlylyk ýaly gymmatlyklarymyz jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edip, beýik döredijilikli işlere ruhlandyrýar.

Häzirki döwürde özboluşly, gaýtalanmajak medeni mirasymyz dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň dostlugyny berkitmäge, adamzadyň röwşen geljegini üpjün etmäge, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine we ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine örän uly ýardam edýär.

Sahawatly, arassa wyždanly bolmak, halal ýaşamak asyrlaryň dowamynda kalby päk we ruhy baý halkymyzyň milli häsiýetlerini kesgitleýän esasy aýratynlyklardyr.Abdylla ibn Mübärek, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Abdylla ibn Omar Sarahsy, Abu Sagyt Abylhaýyr, Mahmyt Zamahşary, Hoja Ahmet Ýasawy, Jelaleddin Rumy, Nejmeddin Kubra, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly meşhur akyldarlarymyzyň mukaddes Watana, ata-enä, keremli topraga, ynsana hormat goýmak, päklik, dogruçyllyk, ynsanperwerlik hakyndaky öwüt-ündewleri, asyrlaryň dowamynda emele gelen hem-de jahana ýaýylan ahlak we ruhy gymmatlyklarymyz halkymyzda beýik maksatlara synmaz erki, sarsmaz gujur-gaýraty döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, milli bähbitlerimize, şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitlerine we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän maksada okgunly syýasaty alyp barýarys.

Bularyň ählisi eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň, mähriban halkymyzyň we tutuş adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýäniň parahatçylygynyň hatyrasyna milli we umumadamzat gymmatlyklaryna, ynsanperwer däplere esaslanýan beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi mukaddes Oraza baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Aýlaryň serweri mukaddes Oraza aýynda amal edilen tagat-ybadatlar, öten-geçenlerimiziň ruhuny ýatlap berlen agzaçar sadakalary, il-ýurdumyzyň asudalygy, eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da belende galmagy, ýurt abadançylygy hem-de rowaçlygy üçin okalan alkyş-dilegler Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, öý-ojaklaryňyza abadançylyk, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurban baýramy bilen gutlady
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi