Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady

21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni giňden bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli halkyna baýramçylyk gutlagy bilen ýüzlendi. "Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly adamlar! Gadyrly watandaşlar!

Sizi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda toý-baýramlara beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň watandaşlarymyzy döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen belent maksatly işlere galkyndyrjakdygyna, baý medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gündogar halklarynyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýän Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr.Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ony giňden bellemek bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirip gelipdir.

Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr.Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlar giňden berjaý edilipdir.

Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär.

Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär. Ajaýyp bahar paslynda giňden bellenilýän bu baýram tebigatda täzelenişiň, durmuşda galkynyşyň nyşanyna öwrülipdir.

Hormatly watandaşlar!

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda her ýylyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Nowruz baýramynyň däp-dessurlary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halkara derejede ähmiýetli bolan bu baýram dünýäde medeni-ynsanperwer ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Garaşsyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolup, dünýä döwletleri bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary netijeli we yzygiderli ösdürýär.Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär.Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Halkara Nowruz gününiň taryhy ähmiýeti has-da artýar.

2022-nji ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýyl Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly, ýurdumyzyň gadymy Änew şäheri bolsa Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Änew şäherine şeýle abraýly derejäniň berilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasynyň we onuň çäginde TÜRKSOÝ bilen bilelikde guraljak çäreleriň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen utgaşykly gelmegi berkarar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşyndaky şanly wakalaryň täze belentliklere göterilýändiginiň özboluşly nyşanydyr.

Munuň özi myhmansöýer türkmen topragynda dost-doganlyk ruhunda tutulýan toýlaryň toýlara ulaşýandygyny aýdyň görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Sizi Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýar durmuş arzuw edýärin. Goý, Nowruz baýramynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar agzybirligiň hem dost-doganlygyň owazyna öwrülip, hemişe belentden ýaňlansyn!".

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Hormatly Prezidentimiz türkmen halkyna Milli bahar baýramy mynasybetli Gutlagyny beýan etdi
NOWRUZ BAÝRAMYNYŇ TARYHYNDAN
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy
Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy