Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Hasyl toýy bilen gutlady

Ertir — noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Türkmenistanda Hasyl toýy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna Gutlag iberdi. Türkmenistan gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

— Eziz watandaşlar! Edermen daýhanlar!

Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda Hasyl toýunyň uly baýram hökmünde döwlet derejesinde giň gerimde bellenilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.Bu baýram merdana halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň aýdyň beýanydyr.

Ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr.Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Daýhanlarymyzyň çekýän yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde sahawatly türkmen topragynda oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär, azyk howpsuzlygy üpjün edilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça uly ösüşlere beslenýän häzirki ajaýyp döwrümizde bereketli türkmen topragynyň, edermen daýhanlarymyzyň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir.

Häzirki döwürde uly maksatlary nazarlaýan maksatnamalaýyn işler esasynda ata Watanymyzda däneli ekinleriň, pagtanyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.

Merdana oba zähmetkeşleri!

Berkarar Watanymyzyň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek we oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen bagly kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy önüm öndürijiler üçin ýer böleklerini uzak möhletleýin peýdalanmaga bermek boýunça oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredilýär.

Munuň özi ýurdumyzyň ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmaga, oba hojalygyna ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmaga, pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmäge uly şertleri döredýär.Türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga, içerki we daşarky bazarlara niýetlenen dürli görnüşli önümleri öndürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge giň mümkinçilik berýär.

Biz oba hojalyk işgärleriniň, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli şertleri döredýäris.Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlaryny we gurallaryny yzygiderli satyn alýarys.

Daýhanlary topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen ýeňillikli bahalardan üpjün edýäris. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirýäris.

Merdana oba zähmetkeşleri özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekýärler.Sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň bol hasylyny öndürmek arkaly ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ykdysady taýdan ýeňillikleriň döredilmegi we olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Bereketli türkmen topragyndan ýokary hasyl almagy başarýan edermen daýhanlarymyza halal zähmeti bilen baýamak, çekýän zähmetiniň hözirini görüp, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamak üçin geljekde-de döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler dörediler.

Edermen hasyl ussatlary! Eziz watandaşlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sahawatly türkmen topragynyň berekedi egsilmesin!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy bilen gutlady
Watan üçin söweşen gerçekler
Daýhan yhlasly toprak bereketli
НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
“Edermendir ogul-gyzyň, Jan Watanym Türkmenistan!”atly dabara
Türkmenistanyň Prezidenti Jan Watanym Türkmenistan! atly täze goşgy ýazdy