2-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparyny tamamlady we Aşgabada dolandy diýip, Watan habarlar gepleşigi habar berdi.
Ilkinji daşary ýurt saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz yslamyň esasy mukaddeslikleri bolan Mekge we Medine şäherlerine umra hajyny berjaý etdi.
Musulman dünýäsinde Mekge we Medinäniň arasynda tapawut goýulmaýar, çünki bu iki mukaddeslik yslamda deň-derejede ähmiýetlidir. Häzirki wagtda ilaty 1 million adamdan gowrak bolan bu iri şähere her ýylda dünýäniň ähli künjeginden şonçarak zyýaratçy gelýär.
Bu ýere haja zyýarata gelenler beýleki musulmanlar üçin ruhy halypa hasaplanýar.Zyýaratçylaryň iki mukaddes ýere hem şol bir wagtyň özünde zyýarat eden halatlary seýrekdir. Şonuň üçin hem döwlet Baştutanymyzyň häzirki umra hajyny Türkmenistanyň hormatly Prezidentine bildirilen aýratyn hormat-sarpanyň nyşany hökmünde kabul etmek bolar.
Hatda pygamberimiziň hadysynda-da: “Käbeden soňra Muhammet pygamberiň metjidinde okalan namaz beýleki okalan namazlardan müň esse sogaplydyr” diýilýär.
Musulmanlar bu ýerde edilen doga-dilegleriň hökman kabul boljakdygyna ynanýarlar.
Musulman dünýäsiniň mukaddesliginiň hormatyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde namaz okady.
Her bir musulman üçin mukaddes bolan ýerlere zyýaratdan soňra, hormatly Prezidentimiz Medinäniň Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline ugrady we ol ýerden Watanynyza tarap ugur aldy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşy aldylar hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň üstünlikli tamamlanmagy we umra hajyny berjaý etmegi bilen tüýs ýürekden, mähirli gutladylar.