Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Muhammet An-Nasere Tunis Respublikasynyň Prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Hatda bellenilişi ýaly, Beži Kaid Es-Sebsi görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Tunis Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Tunisiň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?
26.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri ildeşlerini prezident hakyndaky 'ýalan geplere' ynanmazlyga çagyrýar
Dünýäniň iň ýaşuly ýolbaşçysy
07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy
Malaý edebiýaty