Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

Şu gün Daşoguz şäherinde Türkmen we özbek halklarynyň iki günlük dostluk festiwaly açylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu mynasybetli festiwala gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutanynyň Gutlagynda belleýşi ýaly, türkmen we özbek halklaryny gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli dowam edip gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryny medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ähli ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegi iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha rowaçlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Gutlagda Aşgabat şäherinde Daşkent, Daşkent şäherinde bolsa Aşgabat seýilgähiniň gurulmagynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlarynyň doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny kämilleşdirmeginiň, şeýle-de ýakynda Daşoguz welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň düýbüniň tutulmagynyň iki doganlyk halklaryň bähbidine gönükdirilen buýsançly işlerdigi nygtalýar.

Şeýle-de Gutlagda nygtalyşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşir Nowaýynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri ynsanperwerligiň, dostlugyň beýik mekdebine öwrülip, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda mynasyp orun aldy.

Aşgabat we Daşkent şäherlerinde bu akyldar şahyrlaryň ýadygärlikleriniň gurulmagy, olaryň sözlerine döredilen aýdymlaryň türkmen we özbek sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi iki halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň mizemezdigini subut edýär.

Ýene degişli makalalar

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Çagalaryň doglan gününi Aşgabadyň nirelerinde belläp bolar: oýun meýdançaly kafeler we restoranlar
Türkmenbaşy ýylylyk elektrik merkezinde suw taýýarlaýyş ulgamyny gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi
Aşgabatdaky Stefano Ricci dükany erkek egin eşikleriniň täze tomusky kolleksiýasyny tanyşdyrýar
Garagalpak Türkçesi
Aşgabatda Dolce&Gabbana dükany açylar