
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Parahat Orazmuhamedowiç Orazow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
Bu wezipede ozal işlän Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenildi.