
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ýurduň Bolu welaýatynda ýerleşýän Kartalkaýa dynç alyş zolagyndaky myhmanhanada bolup geçen hem-de adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.