Türkiýäniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany iki ýurduň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegi üçin amatly meýdançany döredýän Aşgabatda geçirilýän çäräniň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetiren türk ministri duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýedigini belledi.
Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti öňdebaryjy tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrmagyň ähmiýetini belläp, haryt dolanyşygyny artdyrmaga we işewürlik gatnaşyklary berkitmäge Türkmenistanyň taýýardygyny nygtady.
Taryhy ýakynlyga we özara hormat goýmaga esaslanýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň söwda, energetika, dokma senagaty we gurluşyk ýaly ulgamlarda yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Taraplaryň pikirine görä, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow hem-de Ömer Bolat birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk arzuw edip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.