Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman ägirt uly mümkinçilikleri bolan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.Onuň dowamynda özara haryt dolanyşygyny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanda amala aşyrylýan toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasy bilen milli ykdysadyýetleriň möhüm ugurlary bolan ýangyç-energetika, himiýa senagaty, dokma we azyk senagaty, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy ýaly pudaklar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu türkiýeli işewür toparlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň we düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistana geldi