Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylary gutlady

Şu gün Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:

"Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Sizi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Çünki Türkiýe biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir.Serginiň geçýän günlerinde Türkiýäniň dürli sebitlerinden gelen kompaniýalaryň onlarçasy senagatda, oba we suw hojalygynda, gurluşykda, hyzmatlar ulgamynda ýeten sepgitlerini, eksport mümkinçiliklerini görkezer. Şolaryň arasynda ata Watanymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýän, netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýän täze kompaniýalaryň hem bardygy guwandyryjydyr.

Hormatly myhmanlar!

Eziz watandaşlar!

Häzirki döwürde Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz döwrebap akylly şäher ýörelgelerine laýyklykda amala aşyrylýan taslamalarda we Arkadag şäherinde guruljak lukmançylyk klasterinde bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, haryt dolanyşygyny artdyrmaga uly ähmiýet berýär. Şunda esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we üpjünçilik taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakdan, öňdebaryjy tejribäni alyşmakdan ybaratdyr. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iki doganlyk döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklar ýokary depginler bilen ösýär hem-de hil taýdan täze derejä çykýar.Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara türk kompaniýalary işjeň gatnaşyp, üstünlikli iş alyp barýarlar.

Serginiň dowam edýän günlerinde geçiriljek Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty hem iki ýurduň işewür toparlaryna öňdebaryjy tejribäni, ýokary tehnologiýalary alyşmaga, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, bar bolan özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de täze şertnamalary baglaşmaga amatly mümkinçilikleri döreder.

Hormatly adamlar!

Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek gerek. Ilkinji nobatda, iki ýurduň halklarynyň taryhy we medeni umumylyklary, olaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge bolan ymtylmalary muňa oňyn şertleri döredýär.

Sizi Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize dost-doganlyk ýörelgelerine, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".

Ýene degişli makalalar

Türkmen-türk özara maýa goýumlary 200 million dollardan geçdi
Aşgabatda geçiriljek sergä 100-e golaý türk kompaniýasy gatnaşar
Işewürlik daýžest: 24 — 30-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
28-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň jemleri
Türkmenistanda geçiriljek türk harytlarynyň sergisine 100-den gowrak türk kompaniýasy gatnaşar
Türkmenistanda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi guralar