Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň 10 ýyllyk sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana sapar bilen barar. Bu barada The Astana Times habar berdi.

Sammite Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Wengriýanyň liderleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Duşuşygyň dowamynda agza döwletleriň baştutanlary we guramanyň synçylary ykdysadyýet, medeni gatnaşyklar, sebitdäki durnuklylyk ýaly dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Sammitiň agza ýurtlaryň we synçy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi güýçlendirmek üçin möhüm duşuşyk boljakdygy bellenilýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň 9-njy sammiti Samarkantda geçirildi. Şol döwürde taraplar möhüm kararlary we durmuşa geçirmegiň gurallaryny öz içine alýan Samarkand Jarnamasyny kabul etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti halkara ýaşlar eko-lagerine gatnaşýar
Ali Şir Nowaýy
Faktlar Aşgabadyň sebit integrasiýasyna taýýar däldigini görkezýär - synçy
Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Samarkantda Merkezi Aziýanyň energetika ministrleri duşuşarlar