Türkmenistanyň Prezidenti türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň türk işewürleriniň teklip edip biljek iň täze tehnologiýalarynyň we işläp taýýarlamalarynyň ýurda işjeň çekilmegini göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygy

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň “Polimeks Inşaat Taahhüt ve Sanayi Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanjany hem kabul etdi.

Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygy bellenildi. Erol Tabanja “Polimeks” kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Işewür türkiýeli hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de örän jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygy

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz bu kompaniýanyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berdi.

Erman Ylyjak dürli maksatly düzümleýin desgalary gurmak boýunça kompaniýa ynanylan taslamalaryň amala aşyrylyşy barada hormatly Prezidentimize habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de ähli işleri şertnamalarda bellenilen möhletde ýerine ýetirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewürler bilen duşuşdy
Berdimuhamedowlar türk işewürleri bilen 'özara bähbitli hyzmatdaşlygy' maslahatlaşýar
Fuat Oktaý: “Türkmen gazyny Türkiýä akdyrmak bilen ilteşikli işler tamamlanýar”
Serdar Berdimuhamedow “Polimeksiň” ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gynanç hatlary gelip gowuşýar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary tamamlandy