
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararlary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow hem-de Yslam Işanberdiýewiç Nursahatow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipelerine bellenildi. Şeýle-de degişli Karar bilen, Muhammetberdi Şadurdyýewiç Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Döwlet Baştutany degişli resminamalara şu gün --- 15-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda gol çekdi.Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.