Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany we Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Kuçkarowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Täjigistanyň Premýer-ministr Kohir Rasulzoda bilen geçirilen duşuşyk:
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany we Täjigistanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň geljegi boýunça pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändigini aýtdy.
Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Kuçkarow bilen geçirilen duşuşyk:
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn formatda üstünlikli işlenip düzülen uzak möhletli netijeli türkmen-özbek gepleşikleriniň esasy taraplaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Jamşid Kuçkarow öz gezeginde Özbegistanyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmek isleýändigini aýtdy.
Täjigistanyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda we Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşid Kuçkarow Türkmenistanyň paýtagtynda 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.