Türkmenistanyň Prezidenti SOCAR-yň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti SOCAR-yň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) ýolbaşçysy Rownag Abdullaýewi kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Hazar deňziniň “Dostluk” ýatagynda uglewodorod serişdelerini gözlemek, işläp taýýarlamak we özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň Prezidenti Ilham Aliýewiň adyndan hoşniýetli arzuwlaryny döwlet Baştutanymyza ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Prezidentine özüniň mähirli sözlerini aýdyp, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Gepleşigiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky mümkinçilikler ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýedigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda nebitgaz senagatyndaky gatnaşyklaryň geljegi we bu ugurda bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen “Dostluk” deňiz käni bilen baglanyşykly meseleler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşykda bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikler açyljakdygy hem-de bu sebite uzak möhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça şertler dörediljekdigi aýdylyp geçildi.

Ýangyç-energetika toplumyna öňdebaryjy tejribeleri, ýokary tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine uly üns berýän ýurdumyz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, öz gezeginde, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýokary depginlerde ösýändigini, bu ugurda giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Russiýanyň “Lukoýl” hususy nebit kompaniýasynyň başlygy Wagit Alekperow şu ýylyň 3-nji iýunynda Sankt-Peterburgda geçirilen halkara ykdysady forumyň çäginde kompaniýanyň Hazar deňzindäki türkmen-azerbaýjan “Dostluk” ýatagynyň operatory bolmagy meýilleşdirýändigini žurnalistlere mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

“Dostluk” ýatagyny bilelikde özleşdirmek barada ylalaşygy taýýarlamak boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki komissiýasynyň 3-nji maslahaty geçdi
Berdimuhamedow we rus “Lukoýlynyň” başlygy Hazardaky ýataklary özleşdirmegi ýene-de maslahatlaşdylar
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY-2021 ATLY 26-njy HALKARA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
Aşgabatda OGT 2022 halkara nebitgaz forumy geçiriler
SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
Türkmenistan-Eýran-Azerbaýjan gaz alyş-çalşynyň taýýarlyk işlerine seredildi
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'