Türkmenistanyň Prezidenti Siriýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Siriýanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada we ýurduň ähli halkyna Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistan gazeti habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Başar Al-Asada berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Siriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Siriýada Garaşsyzlyk güni — Ewakuasiýa güni diýlip hem atlandyrylýan, soňky daşary ýurt esgeriniň bu arap ýurdunyň topragyndan çykmagy bilen, hakyky garaşsyzlyga eýe bolnan sene 17-nji aprelde bellenilýär.

1946-njy ýylyň 17-nji aprelinde — ähli fransuz goşunlarynyň ýurduň çäginden çykarylan güni Siriýa garaşsyzlyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Liwandaky türk raýatlaryň ewakuasiýasy dowam edýär
Ewakuasiýa Edilen 189 Türk Türkiýä Geldi
Sudandaky Çaknyşyklar Sebäpli Türk Raýatlaryny Ewakuasiýa Etmek Işleri Dowam Edýär
Russiýa-Ukraina söweşine çözgüt gözlenýär
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Russiýada Amerikaly Žurnalist Tussag Edildi