“Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň paýtagtyna iş sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.
Irden iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Sian şäheriniň “Sýanýan” Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar. Haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Milli lybasly gyz belent mertebeli myhmana gül desselerini gowşurdy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy ellerinde Türkmenistanyň we HHR-iň Döwlet baýdaklary bolan çagalar, şeýle hem Şensi welaýatynyň medeniýet, sungat ussatlary mähirli garşyladylar.
Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar döwründe özi üçin niýetlenen kabulhana — kaşaň “Gran Melia Xian” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Şansi” myhmanhanasyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyk geçirildi.
Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde Hytaý Halk Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylýandygy nazara alnanda, şu gezekki gepleşikler ägirt uly ähmiýete eýedir.HHR bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwarynda Hytaýa üstünlikli amala aşyran döwlet sapary muny aýdyň görkezýär.Onuň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ýurtlarymyzyň arasynda ähli ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Kaşaň myhmanhananyň eýwanynda belent mertebeli türkmen myhmanyny hytaý Lideri mähirli garşylady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin dostlarça salamlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra döwlet Baştutanlary iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirdiler.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hytaý topragynda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli türkmen myhmanyna HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi. Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr diýip, hytaý Lideri aýtdy we Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady.
Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär we döwletiňdir jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleri gazanýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň ýanwarynda HHR-e bolan döwlet saparynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şol saparyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Şu ýyl HHR möhüm syýasy waka beslendi — mart aýynda Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň mejlisinde ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetiniň bäş ýyl üçin ýolbaşçy düzümi tassyklandy diýip, HHR-iň Başlygy Si Szinpin nygtady we Türkmenistan üçin hem şu ýylyň şanly waka beslenendigini — Mejlisiň täze düzüminiň saýlawlarynyň geçirilendigini aýtdy.
Diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan bäri döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmekde belent sepgitlere ýetildi. Şol gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de dostluga esaslanýar.
Türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek biziň halklarymyzyň bähbitlerine doly laýyk gelýär diýip, HHR-iň Başlygy Si Szinpin nygtady we strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi.
Soňra hytaý Lideri döwlet Baştutanymyza söz berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa çakylygy üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda häzirki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz hytaý Liderini Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, munuň Hytaýyň halkynyň alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyna onuň dosty, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tüýs ýürekden gutlagyny, salamyny we hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi, şeýle hem hatyny gowşurdy.
Öz nobatynda, hytaý Lideri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Muňa şu ýyldaky häzirki ikinji duşuşyk hem şaýatlyk edýär.Bellenilişi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we ynanyşmak häsiýetli netijeli gepleşikler türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy şerti bolup hyzmat edýär.
Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary biziň ýurtlarymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen uly möçberli, uzak möhletli başlangyçlara kuwwatly syýasy itergi berýär.
Geçen döwrüň içinde bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigi bellenildi.Biziň ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugta şertnama-hukuk binýady döredildi.
Olar dürli ugurlary gurşap alýar.Bu bolsa hyzmatdaşlygyň däp bolan, şeýle hem täze ugurlarynda bilelikde işlemek üçin ägirt giňişligiň bardygyny görkezýär.Bularyň ählisi iki döwlete-de dünýäde özara üstünlikli hereket etmäge şert döredýär we Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki birnäçe halkara düzümlerde gatnaşyklary işjeň dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pugta parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny, häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde duran möhüm meseleleri oňyn çözmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek ýaly wajyp meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagy geljekde-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetini we derwaýysdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Hytaýyň oňyn başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda, döwlet Baştutanymyz hytaý Liderine Türkmenistanyň dürli ulgamlardaky halkara başlangyçlaryny goldaýandygy, abraýly halkara guramalara saýlawlarda ýurdumyzyň dalaşgärligini goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň möhümdigi bellenildi.Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.
Kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir.Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň arasynda parlamentara dostluk toparlarynyň işini güýçlendirmäge, yzygiderli özara alyşmak tejribesini ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ozal gazanylan ylalaşyklara we maksatnamalara laýyklykda ösdürýärler.Soňky döwürde ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr. Özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, himiýa, nebithimiýa, elektrotehnika we beýleki senagat pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň işine möhüm orun degişlidir.
Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hem ýangyç-energetika pudagydyr.Mälim bolşy ýaly, gol çekilen şertnamalara we ylalaşyklara laýyklykda, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa türkmen tebigy gazy bökdençsiz iberilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanan energetika syýasatyny alyp barýandygyny nazara almak bilen, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alşyldy.Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Häzirki wagtda demir ýol ulagynda hem hyzmatdaşlygymyz üstünlikli ösdürilýär.Biziň hünärmenlerimiz Gündogar — Günbatar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk edýärler. 2014-nji ýylda Demirgazyk — Günorta demir ýol şahasynyň işe girizilmegi bilen, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça demir ýol konteýner gatnawlary ösüşe eýe boldy.
Bu ugur Ýakyn Gündogara hytaý harytlaryny eksport etmekde iň gysga gury ýer gatnawy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Hytaýdan Türkmenistanyň üsti bilen Ýewropa, Ýakyn Gündogara üpjünçilik ulgamlaryny, hususan-da, Hazar deňzindäki Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny peýdalanyp, demir we awtomobil ýollary, howa gatnawlary, deňiz ugurlary bilen bilelikde ulaglaryň ähli görnüşi boýunça ýükleri daşamak mümkinçiligini doly açmak üçin bilelikdäki tagallalary gönükdirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hili we möçberi görnetin artdyrylyp, hakyky şertlere, bar bolan mümkinçiliklere laýyk bolmalydyr. Şunda anyk taslamalara çykyp, iki ýurduň geografik hem-de üpjünçilik ulgamyndaky artykmaçlygyny peýdalanmagyň, täze ugurlary, şol sanda çig mala bagly bolmadyk we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda we beýlekilerde täze ugurlary gözlemegiň zerurdygy nygtaldy.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi.Häzirki wagtda medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň HHR-e döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylyny geçirmek barada pikir alyşdylar. Şol ýyl türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy hem toýlanar.
Bellenilişi ýaly, saglygy goraýyşda, şol sanda lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň täze usullaryny we däp bolan lukmançylygyň tejribesini, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda täze bilimleri özleşdirmek ulgamynda gatnaşyklar işjeňleşdirilýär hem-de giňeldilýär. Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Biziň ýurtlarymyz bu ulgamy ösdürmäge uly üns berýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar barada aýdyp, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşmak üçin döredýän mümkinçiligini bellediler.
Döwlet Baştutanymyz HHR-iň Başlygyna çakylygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gepleşikleriň hem-de öňümizdäki sammitiň ýokary netijeli boljakdygyna ynam bildirdi.HHR-iň Başlygy Si Szinpin döwlet Baştutanymyzy şu gün Türkmenistanda giňden bellenilýän baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlap, şanly günde ýokary derejedäki şu duşuşygyň çuň manysynyň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygyna gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin şu günki gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň netijeleri boýunça gol çekiljek resminamalaryň döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjekdigini hem-de geljekde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Si Szinpin mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýyl HHR-e sapar bilen gelmek baradaky çakylygyň iberilendigini aýtdy.Nygtalyşy ýaly, öňümizdäki duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täze itergi berer.
Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerine uly kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Hytaýyň uzak möhletli, geljegi uly, köptaraply hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar. Şol hyzmatdaşlyk iki halkyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär hem-de olaryň abadançylygyna, rowaçlygyna hyzmat edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetini döretmek hakynda 2008-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Ylalaşyga goşmaçalar girizmek barada Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk etmek we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyk; getirilýän we alnyp gidilýän haýwanlaryň karantini babatda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Maglumat boýunça Döwlet geňeşiniň edarasynyň arasynda köpçülikleýin habar beriş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş etmek hakynda Ähtnama bar.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.
Agşam hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyndan “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna Tan nesilşalygynyň seýilgähinde guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.
Sian şäheriniň günortasynda ýerleşen seýilgäh imperatoryň bag-seýilgäh we medeni toplumy bolup durýar.Ol Tan nesilşalygynyň beýikligini hemmetaraplaýyn açyp görkezýär.Tan hökümdarlarynyň döwründe Hytaý okgunly ösüşe we ägirt uly kuwwata eýe boldy. Şol döwürde “Çanan” diýlip atlandyrylan Sian şäheri Tan imperiýasynyň paýtagty bolupdyr.
Seýilgähiň merkezinde ajaýyp lotos gülleri ösýän Fužun köli ýerleşýär.Seýilgähiň özi bolsa Tan nesilşalygynyň imperatorlary, şygryýeti, halk döredijiligi, aşhana sungaty, aýdym-sazlary, tanslary we beýleki möhüm medeni ugurlary barada gürrüň berýän mowzuklaýyn zolaklaryň 12-sinden ybaratdyr.
Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ýadygärlik surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyna hem-de “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki ýaşlaryň sungat festiwalyna bagyşlanan konsert geçirildi.
Onuň maksatnamasyna aýdym-sazly, folklor-etnografik, tansly çykyşlar, halk we häzirki zaman aýdymlary girizildi.Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň artistleriniň bilelikde ýerine ýetiren, halklaryň dostlugyny wasp edýän kompozisiýasy konsertiň jemlemesine öwrüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sian şäherinde bolmagynyň çäklerinde ertir “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşar.Türkmenistanyň, HHR-iň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň arasyndaky ýokary derejedäki bu duşuşyk altytaraplaýyn görnüşde döwletara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga kuwwatly itergi bermäge, geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalyk, elektron söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlar bar. Şol ulgamlardaky ysnyşykly gatnaşyklar özara bähbitlere, sebitde döredijiligiň, durnukly ösüşiň, rowaçlygyň umumy maksatlaryna doly laýyk gelýär.