Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly wekiliýetleriň agzalary!
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Şarifowiç Rahmona myhmansöýerlik we bilelikde netijeli işlemek üçin döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etmäge rugsat ediň.
Şeýle hem hormatly Ilham Geýdarowiçi Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň hormatly myhmany hökmünde mübäreklemäge rugsat beriň.
Türkmenistan halklarymyzyň bähbitlerine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny saklamagyň we netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň kepili boljak döwletara guraly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň formatyna örän möhüm ähmiýet berýär.
Şu günki duşuşygyň barşynda biz syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de sebit howpsuzlygynyň wehimlerine we howplaryna garşy bilelikde durmak maksady bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmalydyrys.
Gürrüňsiz, biz öz öňümizde anyk maksatlary goýmak bilen, olara ýetmegiň esasy şertiniň sebitimizde özara hormat goýmaga, bähbitleri nazara almaga, halkara hukugynyň ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň tertipnamasyna eýermäge esaslanýan berk we uzakmöhletli parahatçylykdan, howpsuzlykdan we durnuklylykdan ybaratdygyndan ugur alýarys.
Şu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndaky Kararnamasynyň aýratyn ähmiýetini bellemek isleýärin. Bu Kararnama Merkezi Aziýany parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy hökmünde yglan edýär.
Biz bu resminamanyň kabul edilmegine sebitimizde özara düşünişmek ýagdaýyny we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, Merkezi Aziýanyň ykdysady, ekologik, ynsanperwer wezipelerini çözmek we Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin berk parahatçylygyň we howpsuzlygyň giňişligine öwürmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde garaýarys.
Türkmenistan Baş Assambleýanyň öňümizdäki 78-nji sessiýasynyň barşynda hem bu ugurdaky işleri işjeň dowam eder. Biz dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda sebitimizi ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýarys.
Hususan-da, birinjiden, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça dialog maslahatyny döretmegi teklip edýäris. Onuň maksady sebitimizde durnukly, gapma-garşylyksyz ösüşi üpjün etmek işinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň tagallalarynyň ýakynlaşmagyna we utgaşdyrylmagyna gönükdirilen çemeleşmeleri hem-de çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şeýle Dialogyň birinji mejlisini 2024-nji ýylda özümizde geçirmäge taýýardyrys.
Ikinjiden, BMG-niň degişli edaralary bilen BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň oňaýly formatyny we düzümini kesgitlemek boýunça maslahatlaşmalary geçirip başlamagy teklip edýäris.
Üçünjiden, ýöriteleşdirilen düzümi Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip edýäris. Merkezi Aşgabatda ýerleşdirmek üçin ähli zerur bolan düzümi hödürlemäge taýýardyrys.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar.
Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýäris. Onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimlerimizi utgaşdyrmakdan; Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden; iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.
Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Biz bu ulgamda yzagalaklyga ýol berip bilmeris.
Biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar.Bu artykmaçlyklary birleşdirmek, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmak, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek we ornaşdyrmak, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmek, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmek zerur bolup durýar.
Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermek hem-de sanly ulgamy ösdürmek örän möhüm wezipe bolup durýar diýip hasaplaýaryn.Bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar.
Şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp bilerdi, degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.
Energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýar.
Häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir.
Türkmenistan özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardyr. Bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýarys.
Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar.
Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Biziň umumy tagallalarymyz bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda, şeýle hem Ýewraziýa kontinentiniň beýleki sebitleri bilen ýük we ýolagçy gatnawlary üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ulag-logistika platformasyny işe girizmek mümkinçiligine garamak teklip edilýär. Onuň esasy wezipesi sebitde ulag merkezlerini döretmek, täze üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek we häzir bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, biziň döwletlerimiziň çäginden geçýän halkara ulag ýollarynyň ugrunda gümrük, migrasiýa we beýleki işleri kadalaşdyrmak we sazlaşdyrmak meselelerine garamak bilen bagly bolup bilerdi.
Ýokarda agzalan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjekdigine, giň sebitiçi we halkara derejesinde ýakynlaşmak üçin Merkezi Aziýada şertleri kemala getirmek üçin oňaýly mümkinçilikleri döretjekdigine ynanýaryn.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Medeni-ynsanperwer meselelerinde netijeli gatnaşyklar sebitiň sazlaşykly ösmeginiň we onuň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň girewi bolup durýar.
Bu gün biz döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň bilelikdäki duşuşyklaryny, ylmy maslahatlary, sergileri we beýleki çäreleri üstünlikli geçirmegiň okgunly ösüşi we oňyn tejribesi barada kanagatlanma bilen aýdyp bileris.
Bu ugurda mundan beýläk-de öňe gitmek, gatnaşyklaryň täze usullaryny we görnüşlerini gözlemek gerek.
Hut şu maksatlar bilen, bäşinji Sammitiň çäklerinde zenanlar, ýaşlar, medeni we ylym-bilim forumlary geçirilýär.
Olaryň netijeleriniň döwletlerimiziň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrüljekdigine ynanýaryn.
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Hormatly duşuşyga gatnaşyjylar!
Şu gün gyzyklanma bildirilýän, netijeli we düýpli pikir alyşmalar geçirilýär, peýdaly hem-de çuň manyly teklipler we başlangyçlar öňe sürülýär. Munuň özi biziň döwletlerimiziň bilelikde guwandyryjy netijeleri gazanmak babatdaky syýasy erk-islegini, meýillerini we aýgytlylygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu bolsa, biziň halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine doly laýyk gelýär.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.
Döwlet Baştutanlaryna we wekiliýetleriň agzalaryna netijeli işleri üçin minnetdarlyk bildirýärin.