Hormatly Wladimir Wladimirowiç,
Hormatly döwlet Baştutanlary!
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine myhmansöýerlik, mähirli kabul edendigi hem-de işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şu günki mejlisiň gün tertibine geçmezden ozal, hormatly Wladimir Wladimirowiçi doglan güni bilen ýene-de bir gezek gutlamaga, oňa berk jan saglyk, Russiýanyň halkyna hem-de döwletine hyzmat etmekde täze üstünlikleri arzuw etmäge rugsat ediň!
Wladimir Wladimirowiç Türkmenistanda uly hormat-sarpadan we abraýdan peýdalanýar.Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň arhitektorlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Şu ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin esasy ileri tutulýan ugurlary we wezipeleri durmuşa geçirmegiň nyşany astynda geçýär. Munuň özi howpsuzlygy, durnuklylygy pugtalandyrmakdan, ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakdan, ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Geljek döwürde Arkalaşygyň öňünde biziň mümkinçiliklerimizden has doly peýdalanmak, dünýä syýasatynda, ykdysady durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmeler bilen baglylykda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek hem-de täze maksatlara ýetmek wezipeleri durýar.
Jogapkärli döwletler hökmünde biziň esasy wezipämiziň GDA-nyň giňişliginde pugta parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki işi dowam etdirmekden ybaratdygyna ynanýaryn. Muny Arkalaşygyň çäginde syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mehanizmlerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ählumumy giňişlikde, halkara guramalarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine garaýyşlary berkitmek boýunça ylalaşykly hereketler arkaly gazanyp bolar.
Häzirki wagtda täze wehimlerdir howplara garşy durmak meselesi örboýuna galýar.Men, ilki bilen, biologik howp, kiberjenaýatçylyk, maglumat meýdançalaryny bikanun ulanmak ýaly howplary göz öňünde tutýaryn.Biziň ýurtlarymyz bu ýagdaýlar babatda has işjeň, ylalaşykly, düzümleýin çemeleşmelere geçmelidirler, radikalizmiň elementleriniň aralaşmagynyň, duşmançylygy döretmek synanyşyklarynyň öňüni almalydyrlar, olaryň döwlet institutlaryna we jemgyýetçilik durmuşyna ýaramaz täsir etmeginden goramagyň mehanizmlerini işläp taýýarlamalydyrlar.
Munuň üçin biziň ygtyýarymyzda bar bolan syýasy-diplomatik, guramaçylyk, ylmy-tehniki hem-de beýleki serişdelerden peýdalanmak zerurdyr.Arkalaşygyň içinde parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk mizemez bolmalydyr we ygtybarly kepillendirilmelidir.
Daşary giňişlikde hem biziň öňümizde örän möhüm wezipeler durýar.BMG-niň Baş Assambleýasynyň öz işine başlan sessiýasy häzirki zaman geosyýasatynyň wajyp meseleleriniň ençemesini çözmäge çemeleşmelerde köp babatda konseptual düşünişmezlikleriň bardygyny görkezdi. Şol meseleleriň çylşyrymlydygyna garamazdan, Türkmenistan dünýädäki ýagdaýyň durnuklylaşdyrylmagynyň mümkindiginden, ony syýasy-diplomatik ýol bilen, gepleşikler arkaly çözüp boljakdygyndan ugur alýar.
Bütindünýä howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde köpugurly kanuny güýje eýe bolan ýeke-täk gurama hökmünde BMG-niň ulanylmagy bu babatda möhüm şert bolup durýar.
Geljek ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy belleniler.Munuň özi uly tapgyr, gözýetimdir.BMG-niň hyzmatdaşy hökmünde GDA-nyň bu bütindünýä guramasyny berkitmäge, agza döwletleriň BMG-niň Tertipnamasynyň töwereginde jebisleşmegine, onuň kemsidilmeginiň synanyşyklaryna garşy göreşmäge gönükdirilen uly işleri alyp barmalydygy äşgärdir. Şu babatda Türkmenistan Baş Assambleýanyň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul eden Kararnamasyna laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geljek ýylda çäreleriň geçirilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm bölegi bolup durýar diýip hasaplaýar.
Elbetde, bu teklibiň awtory hökmünde Türkmenistan öňümizdäki işlerde has işjeň orny eýelär.Biz bu işe GDA boýunça hyzmatdaşlarymyzy has giňden çekmek, siziň uly goldawyňyza bil baglamak isleýäris.Häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde saldamly işiň dünýädäki ýagdaýy sagdynlaşdyrmaga uly goşant boljakdygyna, olary kadalaşdyrmak, gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialoga we söhbetdeşlige geçmek ugrunda çykyş edýän sagdyn güýçleriň ählisine syýasy itergi berjekdigine ynanýaryn.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bu işde wajyp orun eýelemelidir.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak boýunça ylalaşyklar gazanyldy hem-de anyk wezipeler goýuldy.Ulag, energetika, senagat kooperasiýasy, beýleki birnäçe ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hataryndadyr.
Türkmenistan şeýle çemeleşmäni doly goldaýar.GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň düzgünleriniň doly ýerine ýetirilmegi ugrunda çykyş etmek bilen, resminamalaryň tapgyrlaýyn we yzygiderli ýerine ýetirilmeginiň zerurlygyndan ugur alýarys, ol ýa-da beýleki ugurda gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň möhletlerine berk eýerýäris.
Umuman, GDA-nyň öz ykdysady işinde ählumumy ykdysadyýetiň uly, aýgytlaýjy ýagdaýlaryndan ugur almalydygyna ynanýarys.Häzirki wagtda bu ýagdaýlaryň many-mazmuny ykdysady ösüşiň ugurlarynyň Günorta we Günorta-Gündogara geçmeginden ybaratdyr.
GDA bu dolanuwsyz hereketde tebigy giňişlikdir. Şunda Arkalaşygyň çäklerinden Günorta we Günorta-Gündogar ugurlarda halkara hem sebit taslamalaryna GDA-nyň gatnaşmagy netijeli usullaryň biri bolup durýar.Häzirki wagtda munuň üçin uly mümkinçilikler açylýar.
Ýakynda, sentýabr aýynyň ortalarynda Türkmenistan iri infrastruktura desgalarynyň gurluşygynyň täze tapgyryny durmuşa geçirmäge girişdi.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň owgan bölegi işe girizildi.
Goňşy ýurduň çägi boýunça Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.Arkalaşygyň ýurtlarynyň şu we geljekde ýüze çykjak beýleki şular ýaly taslamalara gatnaşmagy strategik geljege çykmagyň dogry we ygtybarly ýoludyr.
Biz bilelikdäki kuwwatymyzy hem-de mümkinçiliklerimizi doly derejede ulanmalydyrys.Munuň özi, ilkinji nobatda, GDA gatnaşyjy döwletleriň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny gowulandyrmak we ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli hereketleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, ulag özara baglanyşygy meselesine hem doly derejede degişlidir.
Türkmenistan Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça Eýrana we ondan aňryk Hind ummanynyň deňiz portlaryna çykýan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň taslamasynda GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, taslama gatnaşyjy ýurtlar üçin bitewi nyrh, gümrük, wiza we beýleki ýeňillikleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ylalaşmaga girişmegi teklip edýäris. Şeýle işi Gündogar — Günbatar ugry boýunça Merkezi Aziýa we Hazar sebiti ýurtlarynyň çäginden geçýän ulag geçelgelerini döretmek boýunça hem alyp barmagy zerur hasaplaýarys.
Bu işiň möhletlerini, gün tertibini bellemek arkaly ýurtlarymyzyň degişli edaralaryna tabşyryklary bermegi teklip edýäris.
Energetika ulgamynda Türkmenistan GDA-nyň çägi boýunça we onuň çäkleriniň daşynda energiýa serişdeleriniň iberilýän möçberiniň, ugurlarynyň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär.GDA-da ýaşyl ykdysadyýet üçin şertleriň döredilmegini, az uglerodly energiýa daýanýan ykdysady we önümçilik klasterleriniň kemala getirilmegini hyzmatdaşlygymyzyň örän möhüm ugry hasaplaýarys. Ýurtlarymyzda bar bolan ylmy-tehnologik mümkinçilikleri herekete getirip, bilelikdäki ylmy-barlag hyzmatdaşlygy üçin şertleri döredip, bu wezipäni durmuşa geçirmäge häzirden girişmek zerurdyr.
Hormatly wekiliýet Baştutanlary!
Dünýäniň dürli künjeklerinde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýän häzirki döwründe biziň wezipämiz GDA halklary üçin möhüm ähmiýete eýe bolan, taryhyň dowamynda kemala gelen gatnaşyklaryň we umumy gymmatlyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak däplerini gorap saklamakdan ybaratdyr.
Giň we köpugurly medeni hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzda geçirilýän iri çärelere Arkalaşygyň ýurtlarynyň gatnaşmagy bu däpleri gorap saklamagyň hem-de ösdürmegiň netijeli ýoludyr.Türkmenistan 11-nji oktýabrda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara foruma GDA ýurtlarynyň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagyna ýokary baha berýär.
Munuň üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga berk ygrarlydygyny, bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmaga hem-de durmuşa geçirmäge, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgeleri esasynda wajyp meseleleri çözmäge açykdygyny tassyklaýar. Çünki şeýle çemeleşme biziň bilelikdäki köpýyllyk işimize mahsus ýagdaýdyr.
Sözümiň ahyrynda Arkalaşykda netijeli başlyklyk edýändigi üçin Russiýa Federasiýasyna, şeýle hem özara hyzmatdaşlygy utgaşdyrýandygy we bu duşuşygy taýýarlamaga, üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirýärin.
(Moskwa şäheri, 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabry)