Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýär

Düýn 13-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasyna iş saparynyň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ala-Arça döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasyna bardy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu mejlisde taryhy çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Prezident Sadyr Žaparowa şu mejlisiň guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we netijeli işlemek babatda döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňky döwrüň halkara wakalary parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmegiň dünýä syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boljakdygyny aýdyňlyk bilen görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.Bu babatda häzirki wagtda Türkmenistan dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny we ugurlaryny nazara almak bilen, BMG-niň howandarlygynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.

Bu başlangyç Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň barşynda beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň üçüsini anyklaşdyryp, olaryň birinjisi hökmünde gapma-garşylyklaryň we howplaryň öňüni almagyň, aradan aýyrmagyň, olary ýüze çykarýan sebäpleri ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgelerini kesgitledi.

Strategiýanyň ikinji ugry syýasy hukuk dereje hökmünde oňyn Bitaraplygyň kuwwatyndan peýdalanmak bilen baglydyr.Munuň özi diplomatik serişdeleriň we usullaryň ähli görnüşlerini ulanmak arkaly jedelleridir gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmagyň möhüm şerti bolup hyzmat edýär.

Bu babatda Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň özboluşly halkara hukuk ýagdaýy, toplan parahatçylyk dörediji araçyllygynyň oňyn tejribesi hem-de döwletara meseleleri dawasyz çözmäge ygrarlydygy bellenildi.

Üçünjiden, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynda parahatçylygy üpjün etmegiň kepili hökmünde ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmegiň ähmiýetini nazara almagy wajyp hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de 2023-nji ýyly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgütleriniň orny nygtaldy.

Wagt bu Kararnamalaryň häzirki döwür üçin hem derwaýysdygyny tassyklady.Biz strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagyna özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk, şol sanda Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýolunda, şeýle hem syýasy, ykdysady, ekologik, tebigaty goramak, ynsanperwer häsiýetli derwaýys meseleleri çözmek, umuman, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin möhüm ädim hökmünde garaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň başlangyjy bilen BMG-niň giňişliginde döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň çäklerinde köptaraply hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn ünsi çekdi.

Türkmenistan şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda toparyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi, şondan soňra 2024-nji ýylda halkara maslahaty guramagy teklip etdi we GDA gatnaşyjy döwletleriň ýokarda agzalan başlangyjyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygyna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Gyrgyzystanda Ýerli Mejlisleriň Işi Bes Edildi
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Owganystan Sil Betbagtçylygyna Garşy Göreşýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar