Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

6-njy oktýabrda — Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança gelýär. Döwlet Baştutanymyz Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülen ýodadan ýöräp geçýär.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler, gurban bolan Watan goragçylary baradaky halk hasratynyň özboluşly sazly senasyna öwrülen gamgyn “Keçpelek” sazy ýaňlanýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, “Ruhy tagzym” ýadygärligine gül çemenini goýdy.

Öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar eden ýertitremede wepat bolan watandaşlarymyz hakydalarda baky ýaşaýar. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi.

Sähel pursatda türkmen paýtagtyny weýran eden şol pajygaly gijede diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.

Bu ýere gelenler hasratly dymmak bilen, ýadygärlige tarap ýöräp ugraýarlar.

Soňra döwlet Baştutanymyz faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ata Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen “Milletiň ogullary” we “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy.

Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky hakydanyň nyşany hökmünde “baky ot” ýanyp dur.Ildeşlerimiziň müňlerçesi 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunyň söweş meýdanlarynda mertligiň, Watanymyza çäksiz söýginiň nusgasyny görkezdiler. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Onuň durmuş ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgasydyr.Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy ata Watany, mähriban halkyňy söýmegiň, halkymyzyň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir.

Soňra Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem olaryň göreldesine eýerdiler.

“Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip, öten-geçenlerimizi, uruşda wepat bolan gahrymanlarymyzy, Aşgabat ýertitremesinde gurban bolan ildeşlerimizi hatyralap sadakalar berilýär we aýat-töwir edilýär. Öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadakalar, edilýän doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Çäre tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şeýle çäreler paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra gününiň çärelerine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
06.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy
26.10.2017 | Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy
Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna konsert boldy