Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli gutlady. Halk Maslahatynyň adyndan iberen gutlagynda Gahryman Arkadag döwlet Baştutanyna Türkmenistany mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.ş
2. 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçiriler. Bu waka mynasybetli Aşgabatdaky şäher awtobuslary şygarlar bilen bezeldi. Açyk ýaşyl reňkli ýazgylar şäher awtobuslaryny bezäp, ýakynlaşýan möhüm sene bilen bagly baýramçylyk ruhuny döredýär.
3.Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň hem-de Türki dünýäniň ýaşlar geňeşiniň goldaw bermeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çärä türkmen we türk tarapynyň resmi wekilleri, jemgyýetçilik, ylym we medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri, şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüş tapgyrlary barada maglumat berildi.
Hususan-da, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasatyna aýratyn ähmiýet berildi.
4. Germaniýanyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer 29-njy sentýabrda Berlinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň: Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerini kabul eder. Duşuşyk we bilelikde surata düşmek dabarasy Germaniýanyň Federal Prezidentiniň resmi rezidensiýasy bolan Belwýu köşgünde geçiriler.
5.Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Nýu-Delide geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň 28-nji ýyllyk umumy ýygnagynyň we konferensiýanyň işine gatnaşdy.
Saparyň maksady adam hukuklaryny goramakda toplanan tejribe bilen tanyşdyrmakdan, şol sanda APF bilen hyzmatdaşlygy berkitmekden ybaratdyr.Nýu-Delide geçirilen duşuşykda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany tarapyndan adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça amala aşyrylan işler barada çykyş etdi.
6.Marydaky Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda BAE-niň ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bilelikde guramagynda BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça konferensiýasyna (COP28) bagyşlanan maglumat beriş çäresi geçirildi. Çäräniň çäklerinde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek arkaly daşky gurşawy goramak boýunça Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň bilelikdäki tagallalary atly mowzuk boýunça maslahat geçirildi.
Maslahata Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Al Hameli gatnaşdy.
Dünýäde
7.Italiýanyň Sardiniýa adasynda adamsy bilen dynç alýan şweýsariýaly syýahatçy agşamlyk naharyna sargyt eden lobsterine nebsi agyrdy we ony deňze goýberdi.Ol aýal we adamsy adadaky balyk restoranlarynyň birine gelip, lobster sargyt etmek kararyna geldi.
Ofisiant agramy çekilenden soň bahasy 200 ýewro deň bolan diri lobsteri getirdi.Syýahatçy birdenkä oňa nebsi agyrdy we eger ony beýikden deňze taşlasaň, janly lobster diri galyp bilermi diýip sorady.
Munuň beýle däldigi hakynda jogap alansoň, ol lobsteri kenara getirip, deňze taşlady.
8.Moskwanyň haýwanat bagyndan gynandyryjy habar gelip gowuşdy bir ýyl mundan öň Arktikada agyr ýaralanyp, halas edilen Dikson atly meşhur polýar aýysy aradan çykdy.Geçen ýyl Dikson adasyndaky zibil üýşmeginiň ýanynda ysmaz ýagdaýda ýatan ýaralanan polýar aýysy tapyldy.
Aýynyň atylyp, okuň onuň oňurgasyna zeper ýetirendigi we yzky aýaklaryny ysmaz edendigi ýüze çykaryldy.Dikson bejergi üçin uçar arkaly Moskwa iberildi.Dikson saglygyny dikeldip başlady.Ol haýwanat bagynyň işgärleri bilen aragatnaşyk saklap, özüne yzygiderli iberilýän sowgatlar bilen oýnamagy gowy görýärdi.
Dikson ukusynda ýürek urgusynyň togtamagyna sebäp bolan ýürek-öýken ýetmezçiliginden öldi.
Sport habarlary
9. Türkmenistan futbol boýunça çempionatynyň 18-nji tapgyrynyň oýunlarynyň geçiriljek senesi mälim edildi. Häzirki çempion Ahal 24-nji sentýabrda, ýekşenbe güni ýaryşyň lideri Arkadag bilen oýnar. Bu duşuşyk Nusaý stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 16:30-da başlar.
10.Sekiz sany türkmen dzýudoçysy 23-nji sentýabrda şenbe güni badalga aljak XIX Tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Hançou şäherine geldiler.Dört erkek we dört zenan türgenden ybarat bolan milli ýygyndy soňky 1,5 aýyny Ýewropadaky we Aziýadaky ýaryşlarda hem-de türgenleşik ýygnanyşyklarynda geçirip, şu ýylyň esasy ýaryşlaryna güýçli taýýarlyk görýdüler.
Erkekler toparynda türkmen dzýudoçylarynyň arasynda sanawda öňdeligi eýeleýän Hekim Agamämmedowa (66 kilograma çenli agram derejsinde) uly umyt baglanýar.Zenanlar toparynda bolsa düýn 22 ýaşyny bellän Zülhumar Daşkinowanyň (63 kg çenli agram derejsinde) Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin gowy mümkinçiligi bar.
11. Merw AFK kubogy 2023/24-iň toparçalaýyn tapgyrynyň açylyş oýnunda Täjigistanyň Rawşan topary bilen deňme-deň oýnady. Duşuşyk Täjigistanda geçirilip, 0:0 hasabynda tamamlandy. Birinji tapgyrdan soň iki toparyň hem bir utugy bar. 5-nji oktýabrda geçiriljek indiki tapgyrda Merw öz meýdançasynda Gyrgyzystanyň Abdyş-Ata topary, Rawşan bolsa myhmançylykda Aşgabadyň Altyn asyry bilen duşuşar.