Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, adamlaryň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň käbir ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, ýetip gelýän baýramçylyklara, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şäher hojalygynyň degişli derejede işlemegini üpjün etmek bilen bagly möhüm wezipelere ünsi çekdi. Şunda şäher häkimliginiň ähli gulluklarynyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion usullary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň şanyna guraljak köpçülikleýin medeni we dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz degişli meseleleri, şol sanda paýtagtymyzy, onuň şaýollaryny we dabara meýdanlaryny, seýilgählerini hem-de beýleki jemgyýetçilik ýerlerini baýramçylyk lybasyna beslemek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň çäginde gurulýan desgalaryň ýokary hil derejesinde hem-de bellenilen möhletinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow sebitde geçirilýän işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanynda galan hasyly soňky übtügine çenli ýygnap almak boýunça geçirilýän işler, ak ekinlere idegiň depginini we hilini ýokarlandyrmak, boşan ýerlerde sürüm işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýaz ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmek, oba hojalyk tehnikalaryny bellenilen möhletinde abatlamak boýunça işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Sebitde gurluşygy dowam edýän desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler bilen bagly meseleler hasabatyň esasyny düzdi.

Welaýatyň häkimi Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna bagyşlanyp geçiriljek dabaraly çäreleriň maksatnamasy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň ylym taýdan esaslandyrylan talaplaryna doly gabat gelmelidigini belledi.

Pagtaçylyk hojalyklarynda ak altynyň galan hasylyny doly ýygnap almak hem-de kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz güýzlük bugdaýa ideg etmek çärelerini, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işlerini degişli derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekip, ekin meýdanlaryna suw tutmagyň, ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň hem-de oba hojalyk tehnikalaryny işjeň ulanmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, welaýatyň häkimine anyk tabşyryklar berildi.

Dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyna berk gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak babatda aýratyn görkezmeler berildi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitdäki işleriň ýagdaýy, milli baýlygymyz bolan ak altyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak, güýzlük bugdaýa ideg etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ýaz ekişine taýýarlamak, gowaçadan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem welaýat häkimi sebitde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda işleriň barşy, öňde boljak baýramçylyklary — Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyly mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri geçirmegiň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmek, häzirki wagtda amala aşyrylýan işler bilen baglanyşykly çäreleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny belledi.Milli Liderimiz gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnamaga hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda galla ekinlerine ideg etmäge, sürüm işleriniň göwnejaý geçirilmegine we öňde boljak möwsümleýin işlerde ulanmaga niýetlenen tehnikalaryň abat saklanylmagyna ähli tagallalary gönükdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz güýzki gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamagy hem-de meýilnamada bellenilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini we kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklaryň geçirilmegini ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz sebitiň gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky meselä geçip, medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz öňde boljak baýramçylyklar mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän jemgyýetçilik we medeni çäreleriň halkymyzyň milli däplerine laýyklykda geçirilmeginiň möhümdigi barada aýdyp, häkime bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow göni wideoaragatnaşyk arkaly obasenagat pudagynda geçirilýän işler, şol sanda bugdaýa ideg etmek hem-de galan pagta hasylyny ýygnap almak boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, ýaz ekişine ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny, enjamlary taýýarlamak işleriniň barşy barada habar berildi.

Welaýatyň häkiminiň hasabatynda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, şolary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça görülýän çäreler, Halkara Bitaraplyk gününi we Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga görülýän taýýarlyk işleri beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda galan hasyly doly ýygnap almak, kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek işiniň möhümdigini belledi.

Agrotehniki kadalary berjaý etmek, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak bilen bagly meselelere aýratyn üns berilmelidir. Bu ugurda zerur bolan çäreleriň görülmegi geljekde oňat netijeleri gazanmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Welaýatda gurulýan durmuş we senagat maksatly desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegi, potratçylaryň öz üstüne alan borçnamalarynyň, şol sanda möhletler boýunça borçnamalaryň berjaý edilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz häkime anyk tabşyryklary berdi. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz öňde boljak baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew pagtaçylyk we däneçilik pudaklarynda alnyp barylýan işleriň depginleri, hususan-da, ekin meýdanlaryny, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary nobatdaky ekiş möwsümine taýýarlamak ugrunda geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda desgalaryň gurluşygy, işleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi. Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk, şolaryň çäklerinde meýilleşdirilýän medeni çäreleri guramak hasabatyň aýratyn meselesi boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynda geçirilýän möwsümleýin çäreleriň ylmy çemeleşmelere esaslanmalydygyny hem-de agrotehniki kadalara doly gabat gelmelidigini belläp, bu pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, ekerançylygyň milli däpleri bilen dünýäniň iň gowy tejribesiniň sazlaşykly peýdalanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz pagta hasylyny doly ýygnap almak, güýzlük bugdaý üçin bölünip berlen ekerançylyk meýdanlaryna göwnejaý ideg etmek, hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işlerini geçirmek boýunça netijeli çäreleriň görülmelidigini aýtdy. Milli Liderimiz ýazky ekiş möwsümine häzirki wagtda görülýän taýýarlyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini nygtap, häkime kärendeçiler bilen doly möçberde özara hasaplaşyklary geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sebitde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky gürrüňe geçip, gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli çärelere hemmetaraplaýyn taýýarlanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, gowaça meýdanynda galan pagtanyň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, şeýle hem ekilen bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehnikanyň kadalarynyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, şüdügär sürümini geçirmek, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şonuň bilen birlikde, welaýatyň häkimi Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň, hususan-da, dürli maksatly täze desgalary gurmagyň hasabyna sebitiň döwrebap ýaşaýyş-durmuş düzümini kemala getirmek boýunça wezipäniň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.

Şeýle hem ýetip gelýän baýramçylyklaryň şanyna göz öňünde tutulan çäreler barada aýdyldy. Şolaryň çäklerinde dürli dabaralar guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny we ähli degişli meseleleri, şol sanda daýhanlary zerur mukdarda mineral dökünler bilen üpjün etmek, tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen özara hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek bilen bagly meseleleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz meýdanda galan pagtany, gant şugundyryny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak, oba hojalyk tehnikalaryny täze möwsüme taýýarlamak boýunça çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, häkime bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz sebitde Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly wezipeleriň çözülmegini, bu ýerde gurulýan desgalarda işleriň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Halkara Bitaraplyk gününe we Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, dabaralary degişli derejede guramak babatda häkime görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyk boýunça şol birwagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary E.Orazgeldiýewi we G.Myradowy, şeýle hem Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy.

Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer E.Orazgeldiýew oba hojalyk özgertmeleriniň barşy we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleriniň depginleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnamak dowam etdirilýär, ýaz ekişine işjeň taýýarlyk görülýär.

Şunuň bilen birlikde, hasyldan boşan meýdanlarda sürüm işleriniň geçirilýändigi, tehnikalaryň we gurallaryň abatlanýandygy, degişli hasaplamalaryň hem-de ekerançylyk meýdanlarynyň zerur tohumlar, mineral dökünleri we suw bilen üpjünçilik boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklaryň ýerine ýetirilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, her bir sebitiň toprak aýratynlyklaryny nazara almak bilen, agrotehnikanyň häzirki zaman, awtomatlaşdyrylan usullaryny ulanmagy ýola goýmagyň möhümdigini nygtady. Oba hojalyk önümleriniň möçberini, hasyllylygy ýokarlandyrmagyň hasabyna artdyrmak üçin çäreleri geçirmek babatynda birnäçe anyk görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk özgertmelerini işjeňleşdirmegiň, bu pudakda hojalygy dolandyrmagyň täze usullaryny has giňden ulanmagyň, netijeli işleýän daýhan hojalyklaryny, kärendeçileri we telekeçileri hemmetaraplaýyn goldamagyň ähmiýetini belledi.

Oba hojalyk pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, obasenagat toplumynda ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzyň sebitlerinde gaýtadan işleýän senagatyň kuwwatlyklaryny artdyrmak meselelerine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.

Soňra milli Liderimiz maliýe-ykdysady edaralaryň işine jogap berýän wise-premýer G.Myradowa hem-de Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, ähli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan meýilnamalaýyn tabşyryklaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin toplumlaýyn çäreler geçirilýär, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşyna yzygiderli gözegçilik amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren kärendeçi ekerançylar bilen doly möçberde hem-de öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýerler G.Myradowa we E.Orazgeldiýewe hem-de Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe bu işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň jemlerini jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilen jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Lebap welaýat tokaý hojalygy tarapyndan pürli we ýaprakly agaçlaryň nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden