Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” ýylynyň ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny gecirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Mejlisde paýtagtymyzda hem-de sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşyna garalyp, ýerine ýetirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyga ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, ilatyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilişi bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda ýerasty ulag we pyýada geçelgesiniň gurluşygyna taýýarlyk görlüşine ünsi çekdi. Şunda şol ýerasty geçelgäniň ýokarsyndaky aýlawly çatrykda guruljak bezeg sütünine uly üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, ýerasty ulag we pyýada geçelgesini gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu geçelge bellenilen wagtynda hem-de dünýädäki iň kämil gazanylanlar esasynda gurulmalydyr.

Milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine geçip, D.Jumaýewi Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellemek baradaky resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, şäher hojalygynyň ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda sanly ulgamy ösdürmäge degişli birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow çagyryldy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge gönükdirilen çäreler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklarynda geçirilýän ähli işleriň döwrüň talaplaryna kybap gelmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň häkimine birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçen ýyl welaýatyň käbir etraplarynyň Oba milli maksatnamasy boýunça tabşyryklary ýerine ýetirip bilmändiklerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Ý.Gurbanowy başga işe geçmegi sebäpli, Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hem-de, Gökdepe etrabynyň häkimi wezipesine Ç.Çarlyýewi belläp, ony Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada degişli resminamalara gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen kemçilikleri üçin, K.Kürtowy Kaka etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu etrabyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol etrabyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary A.Gurbanowyň üstüne ýükledi.

Döwlet Baştutanymyz G.Ýazgulyýewi Sarahs etrabynyň häkimi wezipesine belledi. Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň häkiminiň orunbasary K.Kiçiýew Sarahs etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipelere bellemek hem-de wezipeden boşatmak baradaky resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, welaýatda ýerine ýetirilmeli işler barada birnäçe tabşyryklary berdi. Hususan-da, gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine çenli doly taýýarlamaly, ekiş geçiriljek meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini bellenen möhletlerde hem-de talaba laýyk geçirmeli.

Mundan başga-da, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bellenen agrotehniki möhletde geçirilmelidir, bugdaýa ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, welaýatyň täze döwrebap dolandyryş merkeziniň gurluşygyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylyşyny we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişini berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabatyny diňledi. Häkim welaýatyň ekin meýdanlarynda işleriň ýagdaýy hem-de agrotehniki çäreleriň geçirilişi, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri boýunça welaýatyň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň Oba milli maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmegi üpjün etmändigi, oba hojalyk önümleriniň öndürilişinde säwliklere ýol berendigini belläp, şol ýolbaşçylary eýeleýän wezipelerinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin B.Annagurbanowy Etrek etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä R.Nuryýewi bellemek hakyndaky Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri üçin S.Amandurdyýewi Serdar etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä M.Baýramgulyýewi belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz işde goýberen kemçilikleri üçin H.Goçmyradowy Serdar şäheriniň häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä H.Hojaýewi belledi.

Hormatly Prezidentimiz resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna ünsi çekdi hem-de öz möhletinde bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleriň talabalaýyk geçirilişine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkiminden ýaz ekişi möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi talap etdi, gök-bakja, ýeralma we beýleki ekinleriň ekişi bellenilen möhletde geçirilmelidir. Milli Liderimiz munuň üçin oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak, ýerleri öz wagtynda taba getirmek, topragy gurplandyrmak barada alada etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, tehnikalary ýaz ekişi möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmegiň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup durýandygyny belläp, bu ugurda işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýyl welaýatyň käbir etraplarynyň ýolbaşçylarynyň öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde kemçiliklere ýol berendiklerini nygtady. Şoňa görä-de, milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine ünsi çekip, işde goýberen kemçilikleri üçin D.Myradowy Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy hem-du bu wezipä O.Amanowy belledi.

Şeýle hem işde goýberen kemçilikleri üçin, A.Duşemow Ruhubelent etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylyp, bu wezipä D.Güjikow bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin H.Nepesowy Görogly etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä S.Hanmedowy bellemek hakyndaky Kararlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz A.Baýramgeldiýewany hem işde goýberen kemçilikleri üçin Gubadag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä L.Akbaýewany belledi.

Milli Liderimiz M.Çaryýewi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň oba hojalygy boýunça orunbasary wezipesine bellemek hakynda degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çeken resminamalaryny elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly welaýatyň häkimine iberip, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime möwsümleýin meýdan işlerini geçirmek babatda hem anyk tabşyryklary berdi. Şol işler welaýatyň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, zerur bolan ähli agrotehniki kadalaryň takyk berjaý edilmegi hem-de daýhanlaryň ýerleri dürli ekinler üçin öz wagtynda taýýarlamakda toplan baý tejribesini işjeň ulanmak bilen alnyp barylmalydyr.

Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, öz nobatynda, geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, sebitiň oba hojalyk pudagynda işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, 2019-njy ýylda welaýatda alnyp barlan işleriň netijesinde üstünlikleriň gazanylandygyna garamazdan, käbir kemçiliklere hem ýol berlendigine ünsi çekmek bilen, birnäçe guramaçylyk meselelerine garamak baradaky karara gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz A.Amandurdyýewi Darganata etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Darganata etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz N.Muradowy işde goýberen kemçilikleri üçin Dänew etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä A.Çerkezowy belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy usullary ornaşdyrmak, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ekin meýdanlarynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şeýle hem milli Liderimiz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekiş möwsüminden öň ýerlerde amala aşyrylýan agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini belledi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda bugdaýa agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg etmek, ýerleri hem-de ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gazanylan umumy ösüşde geçen ýyl köp wezipeleriň ýerine ýetirilendigine ünsi çekip, ýöne, muňa garamazdan, käbir kemçiliklere hem ýol berlendigini belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz guramaçylyk meselelerine garap, işde goýberen kemçilikleri üçin A.Allamyradowy Mary etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä A.Durdyýewi bellemek hakynda, işde goýberen kemçilikleri üçin M.Gandymowy Oguzhan etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hem-de B.Öwezowy bu wezipä belläp, ony Türkmengala etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda degişli resminamalara gol çekdi.

Türkmengala etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine M.Ýakubow bellenildi. Şonuň ýaly-da, döwlet Baştutanymyz A.Soltanowy hem işde goýberen kemçilikleri üçin Murgap etrabynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä M.Çotanowy belledi.

Milli Liderimiz J.Muhammedowany hem işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmengala etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyp, bu wezipä G.Nurýagdyýewany bellemek hakynda degişli resminamalara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, olary elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly welaýatyň häkimine iberdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hem-de suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz jogapkärli ekiş möwsümine taýýarlyk görmegiň depginlerini güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, ýerlerde daýhanlaryň netijeli işlemegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi hem-de ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdirilende ýerli aýratynlyklara, ylmy esasda milli ekerançylyk däpleriniň ösdürilmegine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň köpasyrlyk ekerançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň oba hojalyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça agrotehniki çäreler dowam edýär, şol sanda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş üçin niýetlenen ýerlerde şüdügär sürümi hem-de tekizleýiş işleri geçirilýär. Şular bilen birlikde, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaýyň we pagtanyň hasyllylygyny artdyrmagy, sürümli ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagy, şol ýerleri ekiş üçin suw bilen üpjün etmegi pudagyň esasy wezipeleriniň hatarynda kesgitledi. Şol wezipeler Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan oba özgertmeleriniň möhüm ugurlary bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ähli möwsümleýin oba hojalyk işlerini amatly möhletlerde geçirmegi tabşyrdy. Obasenagat toplumynyň ekerançylyk ulgamyna agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga degişli anyk tabşyryklar hem berildi.

Milli Liderimiz şu gün oba hojalyk pudagy bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine seredilendigini belledi. Pudakda öňde durýan möhüm wezipeleri çözmekde ýylyň başyndan yhlasly zähmet çekmek gerek. Şonuň üçin hem täze güýç bilen kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmekde tagallalary gaýgyrman işlemek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara "Türkmenistan Bitaraplygyň mekany" diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

06.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Magtymgulynyň edebi mirasynyň ylmy taýdan öwrenilişi
25.09.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady meselelerine garaldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy