Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi.Häkim häzirki döwürde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygy, ekin meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürmek maksady bilen ähli zerur işler alnyp barylýar. Şunda welaýatyň çäklerinde tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekilen baglara ideg etmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär.

Häkim Oba milli maksatnamasyndan, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýollaryň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem öňde boljak şanly seneler, şol sanda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmeginiň we olary kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirmegiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi. Şoňa görä-de, ak ekinlere ideg işleri bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek bilen bir hatarda, ekilen baglara ideg işleri yzygiderli alnyp barylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, aýratyn-da, durmuş maksatly binalaryň gurluşyklarynyň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, bu işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda uly ähmiýeti bolan şanly seneler barada aýdyp, olaryň, hususan-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew ýurdumyzyň günbatar welaýatynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, ak ekinlerden bol hasyl öndürmek ugrunda geçirilýän degişli möwsümleýin ideg işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ak ekinlere ideg işleri bilen bir hatarda, gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we degişli gurallaryň doly güýjünde işledilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Şeýle hem häkim köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsümini guramaçylykly geçirmek we ekilen baglara degişli derejede ideg etmek wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigi, şol bir wagtyň özünde welaýatda pile öndürmek boýunça meýilnamany berjaý etmek üçin degişli taýýarlyk işleriniň batly depginlerde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde welaýatda Oba milli maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki inženerçilik desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň berjaý edilişi barada aýdyldy. Şanly seneleri guramaçylykly geçirmek, aýratyn-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamasy barada-da hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, ak ekinlere edilýän idegiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmelidigine ünsi çekdi. Şunda bugdaý meýdanlarynda keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak, şol bir wagtyň özünde gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak we ilatyň gök-bakja önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, bu ekinleriň hasyllylygyny ylmy esasda ýokarlandyrmak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şeýle hem welaýatda bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek we ekilen baglara ýokary hilli ideg etmek meseleleri häzirki döwrüň möhüm talabydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belläp, sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, ak ekinlere ideg işleriniň ýerine ýetirilişi we gowaça ekişini bellenen möhletlerde hem-de ýokary hilli tamamlamak ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler, sebitde tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek, ozal ekilen baglara yzygiderli ideg etmek we pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Welaýatda Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan durmuş maksatly binalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň we ýollaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan ýazky meýdan işleriniň ýokary hilli we bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ak ekinlere edilýän ideg işleriniň hiline, gowaça ekişiniň öz wagtynda geçirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz bu işler bilen bir hatarda, azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça maksatnamanyň çäklerinde ýeralmadan we beýleki gök-bakja ekinlerinden alynýan hasylyň mukdaryny ýokarlandyrmak işleriniň wajypdygyny belledi. Şeýle hem welaýatda bag nahallaryny ekmek, ekilen baglara ideg etmek işlerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şol bir wagtyň özünde welaýatyň pile öndürijileri bilen şertnamalary baglaşmagyň we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu işlere häzirki zaman ylmy we gazanylan tejribe esasynda ähmiýet berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini, munuň ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine gyzyklanma bildirýän adamlaryň sanynyň artmagyna ýardam etmelidigini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi.Häkim şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda ýerine ýetirilýän ideg işleri, gowaça ekişini bellenilen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek ugrunda amala aşyrylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Häkim hasabatynyň dowamynda ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek, tokaý zolaklarynyň çägini giňeltmek hem-de ekilen baglara degişli derejede ideg etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berdi. Şunda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýdyldy.

Bütindünýä saglyk gününe görülýän taýýarlyk barada hem aýdyldy.Mundan başga-da, häkim häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyndan we ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde dürli maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda möhüm hem-de jogapkärli möwsüm bolan ak ekinlere ideg etmek işlerini we gowaça ekişini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, şu günler alnyp barylýan işleriň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirilmegine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ekişde ulanylýan tehnikalaryň doly güýjünde işledilmelidigini belledi. Şeýle hem welaýatda ýeralmanyň, soganyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýokary hil derejesine eýe bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde sebitde bag nahallaryny ekmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen baglara ideg etmek işleri möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz pile öndürmek möwsümi barada aýdyp, bu gymmatly çig malyň dokma senagaty üçin örän zerurdygyna ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede guralmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetini nygtap, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sagdynlygy we ruhubelentligi berkarar etmekde möhüm ähmiýeti bolan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin işleriň ýagdaýy, ak ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyny, gowaça ekişini öz wagtynda hem-de ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda ýeralmadan, sogandan we beýleki gök ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde köpçülikleýin bag ekmegiň ýazky möwsüminde bag nahallaryny ekmek we olara ideg etmek boýunça işler hem talabalaýyk alnyp barylýar.

Mundan başga-da, sebitde pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.Bu işler bilen bir hatarda, Oba milli maksatnamasyna hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.

Hasabatyň çäklerinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy barada maglumat berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn belledi. Şunda ak ekinlere ideg etmek işleri we gowaça ekişi bellenen möhletlerde guramaçylykly hem-de ýokary hilli geçirilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak meselelerine üns berilýändigini belläp, bu işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde tokaý zolaklaryny döretmegiň hem-de ekilen baglara degişli derejede ideg edilmeginiň möhüm talapdygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde sebitde pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi, pile öndürijiler bilen şertnamalaryň baglaşylmagy we olaryň ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen doly üpjün edilmegi zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda başy başlanan işleriň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda gurluşygy alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary hilli hem-de bellenen möhletinde tamamlanmalydygyny aýtdy we bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneler, aýratyn-da, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, şeýle hem keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 129 müň 659 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirilendigi barada hasabat berdi.

Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda 30 müň gektara ýeralma, 10 müň gektara sogan, 1 müň 500 gektara kelem we 3 müň gektara käşir ekildi.

Häzirki döwürde bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ideg etmek işleri batly depginlerde alnyp barylýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminde jemi 1 million 658 müň 915 düýp bag nahallary oturdyldy. Şol bir wagtyň özünde olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam edýär.

Wise-premýer hasabatynyň dowamynda ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, şu ýyl jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, gowaça ekişinde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän ýeralmadan, sogandan we beýleki gök-bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagynda, ilatyň saglygynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan tokaý zolaklarynyň çäginiň giňeldilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, ekilýän baglara edilýän idegleriň bildirilýän talaplara laýyk alnyp barylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek, welaýatlarda pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak we olary ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek boýunça wise-premýere birnäçe degişli görkezmeler berildi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir diýip belledi we bu işleriň netijeli dowam etdirilmelidigine ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi