Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de wise-premýerler E.Orazgeldiýewi we Ç.Gylyjowy göni aragatnaşyga çagyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow häzirki döwürde ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly arkaly giňeltmek boýunça degişli düzümler bilen bilelikde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Wise-premýer E.Orazgeldiýew häzirki döwürde gazanylan ylalaşyga laýyklykda, ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagat desgasynyň guruljak ýerini kesgitlemek we bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda edilýän zerur tagallalar barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, geçirilýän gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklary üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler R.Meredowa, E.Orazgeldiýewe we Ç.Gylyjowa türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde hem-de täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan, gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän desgany gurmak boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ş.Abdrahmanowy, Ç.Purçekowy we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowy çagyrdy.Wise-premýer Ş.Abdrahmanow häzirki döwürde ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, hususan-da, uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, täze eksport ugurlaryny açmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow geografik taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistana dünýä giňişliginde uly gyzyklanma bildirilýändigi barada aýdyp, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, aýratyn-da, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we bu ugurda degişli gepleşikleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wise-premýer Ş.Abdrahmanowa ýüzlenip, türkmen tebigy gazyny goňşy ýurtlaryň çäginden Orta we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna üstaşyr ibermegiň meselelerini hemmetaraplaýyn esasda öwrenmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýer Ç.Purçekowa ýurdumyzda öndürilýän elektrik toguny goňşy ýurtlaryň çäginden üstaşyr geçirmek babatdaky meseleler boýunça gyzyklanma bildirýän degişli taraplar bilen gepleşikleri geçirmegi tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi bu wezipeleriň guramaçylyk meselelerini öwrenmelidir hem-de ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda möhüm ähmiýeti bolan işleri utgaşdyrmak boýunça zerur tagallalary etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary S.Toýlyýewi, Ç.Purçekowy we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy çagyrdy.Paýtagtymyzyň häkimi R.Gandymow ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak mermerli Aşgabatda arassaçylyk, abadançylyk kadalarynyň berjaý edilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer Ç.Purçekow gözegçilik edýän düzümlerinde, şol sanda Aşgabatda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy we paýtagtymyzyň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek we olaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň täze binalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça ekişini bellenen möhletlerde we talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ýerleri, ekişde ulanyljak tehnikalary we zerur bolan tohumlary taýýarlamak işleriniň barşy, ak ekinlere edilýän ideg işleri, gowaça ekişi bilen bir hatarda beýleki gök ekinleriň ýazky möwsümine taýýarlyk barada hasabat berdi.

Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada aýdyp, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şol bir wagtyň özünde ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleri talabalaýyk alyp barmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigi barada habar berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi.Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek, ýerleri, ekişde ulanyljak tehnikalarydyr gurallary taýýarlamak ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigi barada hasabat berdi. Şunda ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olary agrotehniki kadalara laýyk ýagdaýda geçirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew häzirki döwürde sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de ekişde ulanyljak gurallary ýaz ekişine taýýarlamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem welaýatda Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşyk işlerini talabalaýyk alyp barmak ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda ýaz ekişine taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, şu güne çenli ekiş geçiriljek meýdanlaryň 82,5 göteriminde sürüm işleri ýerine ýetirildi. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny taýýarlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Şeýle hem ak ekinleriň ösüş döwrüne laýyklykda, ideg işleri, ösüş suwuny tutmak we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur tagallalar edilýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi