Türkmenistanyň Prezidenti Samarkant şäherindäki taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlaryna baryp gördi

Şu gün Özbegistana döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäheriň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we bu şäheriň iň meşhur künjeklerindäki desgalaryň aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň elektron goşundysy habar berdi.

Özbegistanyň açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan taryhy künjeginde — Samarkant şäherinde döwlet Baştutanymyz Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde Orta asyrlara degişli bolan Ulugbegiň meşhur obserwatoriýasynyň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdylar.

Ulugbegiň obserwatoriýasy 1424 — 1428-nji ýyllarda Samarkandyň golaýynda ýerleşýän Kuhat baýrynda gurlan obserwatoriýanyň galyndylaryny özünde jemleýär.Oňa emir Teýmiriň şol döwürlerde Samarkandyň hökümdary bolan agtygy Ulugbegiň hut özi ýolbaşçylyk edip, obserwatoriýada alnyp barlan ylmy işleri ýakyndan goldapdyr we alymlary has-da höweslendiripdir.

Silindr görnüşli üç gatly binanyň beýikligi 30 metr bolup, ol ýerde ölçeýji gural — sekstant goýlupdyr. Şonuň kömegi bilen Güne, Aýa, beýleki asman jisimlerine gözegçilik edilipdir.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Teýmirleňiň mawzoleýine we Samarkandyň meşhur künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdanyna baryp gördi.

Mälim bolşy ýaly, emir Teýmirleň öz döwründe ýurduň paýtagtyny Samarkanda geçirip, şäheri medeni, ykdysady we binagärlik babatda gülledip ösdürmek ugrunda tagalla edipdir. Teýmirleň Gur-emir aramgähini 1404-nji ýylda agtygy üçin gurdursa-da, bir ýyldan soňra duýdansyz aradan çykmagy bilen, meşhur hökümdaryň özi hem şol ýerde jaýlanypdyr.

Registan meýdanynda XV — XVII asyrlara degişli medreseleriň 3-si ýerleşip, olar bir bitewi binagärlik gurluşyny emele getirýär.Bu medreseler şol döwürlerde yslam dinini öwrenmek isleýänler üçin ruhy bilim merkezleri bolup hyzmat edipdir.

Her medresäniň öz ýaşaýyş otaglary, metjidi hem-de içerki howlusy bolupdyr.Biziň günlerimize çenli abat ýagdaýda gelip ýeten bu arhitektura toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Samarkant şäherinde Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň resmisi bilen duşuşdy we Samarkanda sapar etdi
Serdar Berdimuhamedow Samarkandyň dünýä belli obserwatoriýasyna baryp gördi
ЗАВЕРШИЛСЯ ГОСУДАРСТВЕННЫЙ ВИЗИТ ПРЕЗИДЕНТА ТУРКМЕНИСТАНА В РЕСПУБЛИКУ УЗБЕКИСТАН
Türkmenistanda 3 million 149 müň 178 internet ulanyjysy bar
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy