Türkmenistanyň Prezidenti Şahym Abdrahmanowy wise-premýer wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Şahym Abdrahmanowy wise-premýer wezipesinden boşatdy

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisini geçirdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany Şahym Abdrahmanowy, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesinden boşatdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu wezipä Aşyrguly Begliýewi belledi we ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşatdy.

Şahym Abdrahmanow 2021-nji ýylyň fewral aýynda wise-premýer wezipesine bellenilipdi.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
Prezident täze geňeçilerini belledi, iki wise-premýere berk käýinç we käýinç yglan etdi
Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Hünärmenler täze ýatagyň suwunyň içmäge näderejede ýaramlydygyny sorag astyna alýar
Türkmenistanda agyz suwunyň täze iri ýatagy tapyldy