Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine, Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine, ýurduň ähli halkyna Russiýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Ynanyşmagyň, deňhukuklylygyň, birek-birege hormat goýmagyň hakyky nusgasy bolan Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň ösüş depginini hem-de ýokary derejesini uly kanagatlanma bilen aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň ýolbaşçylaryna ugradan gutlag hatynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Narendra Modä Hindistanda geçirilen ählumumy parlament saýlawlarynda ýolbaşçylyk edýän Hindistanyň Halk partiýasynyň ýeňiş gazanmagy we onuň Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet Baştutany Narendra Modä ugradan hatynda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny we döwletara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Tramp bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Hindistanyň Ozalky Premýer-ministri Sinh Aradan Çykdy
Trampbi bilen Modi Ak Tamda duşuşdy
Hindistanda musulmanlara garşy diskurslar diskurslar artýar
“Modi, Russiýa-Ukraina Söweşiniň Bes Edilmeginde Esasy Rol Oýnap Biler"