Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümet Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň we RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýanyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem öz gezeginde Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de döwletara hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, strategik häsiýete eýedigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.Dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde bellenildi.Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar-iýul: Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 58% ýokarlandy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
Serdar Berdimuhamedow RF-niň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi