24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, onuň soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli döwletara dialogy hemme taraplaýyn ösdürmäge rus tarapynyň gyzyklanma bildirýändigi barada aýdanlaryny ýetirdi.
Türkmenistan gazeti