30-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmak bilen baglylykda, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär. Ynsanperwer ulgamda — ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir.
Iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ýene-de bir möhüm guraly hökmünde garalýan parlamentara hyzmatdaşlyk söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.