5-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar — dostluk deňzi motoýörişiniň kerwenine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.
Myhman amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen Türkmenistanda Russiýanyň meşhur kompaniýalarynyň netijeli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.Bu baradaky gürrüňiň dowamynda geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan has doly peýdalanmagyň zerur boljakdygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Astrahan oblastynyň portlarynyň arasynda yzygiderli gämi gatnawlaryny açmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, türkmen tarapynyň bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça oňyn tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda gämigurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamynda işleri utgaşdyrmak üçin bar bolan mümkinçiliklere üns berildi.Bilim, ylym we medeniýet, syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Gubernator Astrahan oblastynyň ýokary we ýörite okuw mekdeplerinde Türkmenistandan ýaşlary okatmak işini dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.Astrahan oblastyndaky Magtymguly adyndaky döwrebap mekdep bilim ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň beýany bolup durýar.
Onuň türkmen medeniýetiniň merkezine öwrülendigini belläp, Igor Babuşkin beýik Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.