
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Klaus Werner Ýohannise we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaus Werner Ýohannise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Rumyniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.