27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rossiýskiýe železnyýe dorogi APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljegi uludyr.
Türkmenistanda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, ol biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda logistik geçelgeleriň netijeli peýdalanylmagy üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtady.